DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary Russiýanyň esasy tebigy gaz desgasyna hüjüm etdi
Ukraina bu barada düşündiriş bermedik hem bolsa, Russiýanyň soňky döwürde nebit we gaz desgalaryna edýän hüjümlerini artdyrmagy ünsleri özüne çekýär
Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary Russiýanyň esasy tebigy gaz desgasyna hüjüm etdi
Ukraina-Russiýa urşy
 

Russiýanyň ýerli ýolbaşçylarynyň habaryna görä, Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglary Russiýanyň günortasyndaky uly tebigy gazy gaýtadan işleýän zawody nyşana aldy we ol ýerde ýangynyň döremegine sebäp boldy.

Gazpromyň eýeçiligindäki we Gazagystan serhediniň golaýynda şol bir sebitde ýerleşýän Orenburg desgasynyň ýyllyk kuwwaty 45 milliard kub metr bolup, dünýädäki iň uly önümçilik we gaýtadan işleýän toplumlaryň biri hökmünde tanalýar.

Sebitiň häkimi Ýewgeniý Solntsewiň pikiriçe, uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümleri zawoddaky ussahanada ýangynyň döremegine sebäp boldy we desganyň käbir böleklerine zeper ýetdi.

Solntsew bu wakada adam ýitgisiniň bolmandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýekşenbe güni irden howa goranyş güýçleriniň gije 45 ukrain uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini, olaryň biriniň Orenburg sebitinde, jemi 23-si Samara we Saratow sebitlerinde täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Ukraina waka bilen bagly beýanat bermedi. Şeýle-de bolsa, Ukraina soňky aýlarda Russiýanyň energiýa desgalaryna edýän hüjümlerini hasam güýçlendirdi. 2022-nji ýyldan bäri öz territoriýasynyň 20 göterimden gowragy rus basyp alyşlygy astynda bolan Ukraina, energiýa desgalarynyň Moskwanyň söweş tagallalaryny maliýeleşdirýändigini we gönüden-göni goldaýandygyny aýdýar.

Öwren
Russiýa: Germaniýanyň we Britaniýanyň goranmak ministrleriniň “akyllary ýerinde däl"
Indoneziýada süýji öndürilýän desgada bolan ýangynda 3 adam ýogaldy, 36 adam dereksiz ýitdi
Zelenskiý: "Ýaranlar Ukrainanyň howpsuzlygy üçin iň anyk kepilliginiň NATO agzalygydygyny bilýär"
Ukraina: Russiýanyň Kriwoý-Rog şäherine guran hüjüminde 2 raýat öldi, 52 adam ýaralandy
Tramp Si we Putin bilen taryhy sammiti başlamazdan öň hem "ýeňiş" diýip häsýetlendirdi
Kreml: Putin bilen Trampyň duşuşygynda Ukraina krizisi we ikitaraplaýyn gatnaşyklar maslahatlaşyldy
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady
Putin APEC-iň işewür liderlerine ykdysady basyşyň "geçmişde galan zatdygyny" aýtdy
ABŞ Eýranyň Keşm adasyna köp sanly hüjümleri amala aşyrdy
Ukraina ýene-de bir gezek Krym köprüsine hüjüm gurady
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Si we Putin bilen geçirjek duşuşyklaryndan öň Aziýa sapar gurar
Halkara Pul gaznasy bilen Ukraina 1,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Ýewropanyň bäş ýurdy migrantlary Ruanda ibermek üçin merkezleri açar
Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda ABŞ-na degişli harby drony ele geçirdi
Ormuz bogazynda ýene-de bir taner mina kakdy
ABŞ-da Ak Tamyň golaýynda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "ABŞ-nyň Bahreýndäki irki duýduryş radarlary nyşana alnyp, ýok edildi"
Pakistanda mikroawtobusyň derýa gaçmagy netijesinde 11 adam ýogaldy