DÜNÝÄ
2 minut okamak
“Türkiýe Gaza durnuklylyk güýjüniň hataryna goşulmaly”
ABŞ-nyň Ankaradaky ilçi Tom Barrak, Türkiýäniň Gaza durnuklylyk güýjüniň hataryna goşulmalydygyny nygtady.
“Türkiýe Gaza durnuklylyk güýjüniň hataryna goşulmaly”
“Türkiýe Gaza durnuklylyk güýjüniň hataryna goşulmaly” / AA
11 Dekabr 2025

ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi we Siriýa boýunça ýörite wekili Tom Barrak, “Ze Iýerusalim Post” gazeti tarapyndan Waşingtonda geçirlen konferensiýada eden çykyşynda, Türkiýäniň harby mümkinçiligi we Palestinli topar Hamas bilen edýän ýakyn gatnaşyklary sebäpli Gaza üçin döredilmegi göz öňünde tutulýan halkara durnuklylyk güýjüniň hatarynda ýer almalydygyny aýtdy.

Penşenbe güni ysraýylly žurnalist Amiçai Steiniň soraglaryna jogap beren Barrak, Türkiýäniň durnuklylyk güýjüniň hatarynda ýer almagynyň Halkara durnuklylyk güýjüni has-da güýçlendirjekdigini nygtady.

Barrak “Sebitiň iň güýçli goşunyna eýe bolan we Hamas bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýan türkler, dartgynlygyň gowşamagynda uly rol oýnap biler” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň meýilnamasynyň çäginde hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyk 10-njy oktýabrda Gazada güýje girdi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guran hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 70 müňden gowrak adam öldürildi, 171 müň adam hem ýaralandy.

Ylalaşygyň birinji tapgyry, palestinli tussaglylaryň boşadylmagynyň öwezinde ysraýylly ýesirleriň boşadylmagyny öz içine alýar.

Meýilnamasynyň ikinji tapgyrynda bolsa Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we Hamasdan daşary täze dolanşyk ulgamynyň gurulmagyny öz içine alýar.

BMG-nyň 2803 belgili karary, Gazanyň geçiş etabynyň çägini kesgitleýär. Karar Parahatçylyk geňeşiniň, Halkara durnuklylyk güýjüniň we sebit üçin täze dolanşyk komitetiniň gurulmagyny öz içine alýar.

Türkiýe şol güýjüň hatarynda ýer almaga taýardygyny mälim edipdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan geçen hepde Ankaranyň parahatçylyk etabyna goldaw bermek üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge taýardygyny aýtdy.

Doha forumynda çykyş eden Fidan, birnäçe ýurduň Türkiýäniň etapda ýer almagyny isleýändigine ünsi çekdi.

Daşary işler ministri Fidan söweşden soň Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi meselesinde İndoneziýa we Azerbaýjan bilen birlikde beýleki musulman we arap ýaranlary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.

Türkiýäniň esger ugratmaga açykdygyny nygtan Fidan kararyň degişli taraplaryň tutumyna we ylalaşyga bagly boljakdygyny ýatlatdy.