DÜNÝÄ
2 minut okamak
Amerikaly esgerler Gaza ylalaşygyna gözegçilik etmek üçin Ysraýyla geldi
Amerikaly 200 esger ylalaşygyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik eder, emma Gaza girmez.
Amerikaly esgerler Gaza ylalaşygyna gözegçilik etmek üçin Ysraýyla geldi
Amerikaly esgerler Gaza ylalaşygyna gözegçilik etmek üçin Ysraýyla geldi
11 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, amerikaly esgerler Gaza ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etjek köp milletly güýjüň hatarynda iş alyp barmak üçin şenbe güni Ysraýyla gelmäge başlady.

Amerikaly 2 resmi ABC Nýus kanalyna beren beýannamasynda 200-e golaý amerikaly esgeriň ylalaşyga gözegçilik etmekden jogapkär utgaşyklyk merkezini gurmak üçin sebite gitjekdigini habar berdi.

Şol topar logistiki goldaw, howpsuzlyk, transport we inženerçilik ýaly ugurlarda iş alyp barar.

Habarda amerikan güýçleriniň Ysraýylda iş alyp barjakdygy we Gaza girmejekdigi nygtaldy.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM-yň başlygy admeral Kooperiň ýolbaşçylygynda iş alyp barjak topar sebit ýurtlarynyň harby toparlary bilen utgaşykly ýagdaýda işleşer.

Trampyň 20 maddalyk teklibi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çarşenbe güni beren beýanamasynda Ysraýyl bilen Hamasyň 29-njy sentýabrda teklip edilen 20 maddalyk meýilnamanyň birinji tapgyryny kabul etmeginden soň amerikan güýçleriniň sebite ugradyljakdygy habar berlipdi.

Ylalaşyga görä, Hamas ysraýylly ähli ýesirleri boşadar, Ysraýylyň hem tussaglykdaky 2 müň palestinlini boşatmagyna garaşylýar. Ysraýyl şeýle hem tapgyrlaýyn ýagdaýda Gazadan çekiler.

Ylalaşygyň ikinji tapgyrynda bolsa Gazada täze dolanşyk ulgamy gurlar. Hamasyň şol ulgama degişli edilmejekdigi habar berildi.

Gazada palestinlilerden we musulman ýurtlaryň esgerlerinden ybarat howpsuzlyk güýjüniň iş alyp barmagy we Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagy maksat edinilýär.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guran hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 67 müň 200 palestinli ýogaldy.

Hüjüm sebäpli Gaza harabalyga öwrüldi.

 

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy