DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Ýewropanyň urşuň soňuna çykmak üçin gepleşiklere hökman gatnaşmalydygyny aýtdy.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy

Zelenskiý bu barada Estoniýanyň paýtagty Tallin şäherinde prezident Alar Karis bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.

Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin edilýän tagallalar bilen bagly Zelenskiý, düýn ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff we onuň giýewisi Jared Kuşner bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýatlatdy.

Zelenskiý urşuň bes edilmegi üçin zerur bolan gepleşikleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy we Ýewropanyň hem bu tapgyra netijeli gatnaşmalydygyny nygtady.

Zelenskiý: "Ýewropanyň bu gepleşiklerde hakyky we güýçli ses bilen karar kabul etmek tapgyrlaryna gatnaşmagy zerurdyr. Amerika diplomatik tapgyrlara işjeň gatnaşmaga taýýar" diýdi.

Zelenskiý Russiýanyň, Ukrainanyň, ABŞ-nyň we Ýewropanyň uruşda ot açmagy bes etmek üçin liderler derejesinde gepleşikler geçirmelidigini öňe sürüp: "Näme üçin Ýewropa? Sebäbi biz Ýewropada, jogap şu. Sebäbi bu biziň topragymyz, bu biziň yklymymyz we her niçigem bolsa, ertir howpsuz durmuşyň boljakdygyna ynanmalydyrys" diýdi.

Zelenskiý Fransiýada geçiriljek G7 sammitiniň we Türkiyäniň ýer eýeçiliginde geçiriljek NATO sammitiniň Ukraina üçin hem möhüm boljakdygyny belläp, “şu ýylyň iýun we iýul aýlary köp zady kesgitläp biler” diýdi.

Öwren
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys
Alžir Nigere esger ugradar
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Tramp uruşdan soň ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen söwda etmäge taýýardygyny aýan etdi
Russiýa: Ukrainada deňiz menzilini we ýük gämisini nyşana aldyk