SYÝASAT
2 minut okamak
Eýranyň harby ýolbaşçysy: Trampyň we Netanýahunyň "hemlelerine" degişli gaýtawul görkeziler
Eýrandaky ykdysady protestler halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda duşman döwletleriň liderleriniň, Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň ünsüni özüne çekdi we şertler goşunyň jogap bermegine sebäp boldy.
Eýranyň harby ýolbaşçysy: Trampyň we Netanýahunyň "hemlelerine" degişli gaýtawul görkeziler
Eýranyň harby ýolbaşçysy: Trampyň we Netanýahunyň "hemlelerine" degişli gaýtawul görkeziler / Reuters
7 Ýanwar 2026

Eýranyň goşunynyň yolbaşçysy Eýranyň daşarky howplara garşy sessiz galmajakdygyny we ABŞ-nyň we Ysraýylyň hökümete garşy protestlere berýän goldawyny göz öňünde tutup, özüne abaý-syýasat edilmegine ýol bermejekdigini aýtdy.

"Fars" habarlar gullugyntň mälim etmegine görä general Amir Hatami çarşenbe güni beren beýanatnda;"Eýran Yslam Respublikasy Eýranyň halkyna garşy duşmançylykly ritorikanyň güýçlenmegine howp hökmünde garaýar we onuň jogapsyz dowam etmegine garaşyk etmez" diýdi.

Goşunbaşy "duşman ýalňyşlyk etse" Eýranyň gaýtawulynyň geçen ýylyň iýun aýynda Ysraýyl bilen bolan 12 günlük uruşdakydan has güýçli boljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp golaýda protestçiler öldürilen halatynda Eýrana operasiýa gurajakdyklaryny beýan etdi, Binýamin Netanýahu bolsa protestleri goldaýandygyny aýtdy.

28-nji dekabrda Tährandaky satygçylar bahalaryň ýokarlanmagyna we rialyň hümmetiniň pese gaçmagyna garşy protest geçirdiler, ol birnäçe şäherde şuňa meňzeş ýörişleriň guralmagyna sebäp boldy. Şolaryň käbirlerinde adam pidalary boldy.

Protestler heniz 2022-2023-nji ýyllardaky hereketden ýa-da 2009-njy ýyldaky prezident saýlawlaryndan soň geçirilen köpçülikleýin köçe demonstrasiýalarynyň derejesine ýetmedi.

Şeýle-de bolsa, ykdysady protestler halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda bäsdeş ýurtlaryň liderleriniň ünsüni özüne çekdi.

Tramp ýekşenbe güni žurnalistlere: "Biz muňa örän üns bilen çemeleşýäris. Eger olar geçmişde bolşy ýaly adamlary öldürmäge başlasalar, meniň pikirimçe Birleşen Ştatlar örän berk reaksiýa bildirer" diýdi, Netanýahu bolsa Ysraýylyň hökümetine ýüzlenip: "Biz Eýranyň halkynyň göreşi we olaryň azatlyk, garaşsyzlyk we adalat üçin bolan islegleri bilen raýdaşlyk edýäris" diýip yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni Trampy we Netanýahuny zorluk döretmekde we Eýranyň milli birligini gowşatmaga synanyşmakda aýyplady.

Uruş iýun aýynda Ysraýylyň Eýranyň harby we ýadro desgalaryna garşy ozal görülmedik derejedäki hüjümi bilen başlady, ABŞ bolsa Eýranyň üç sany esasy ýadro desgasyna hüjüm gurady.

Öwren