DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ben-Gwir wiza almakda kynçylyk çekendigi sebäpli ABŞ-na meýilleşdiren saparyny bes etmeli boldy
Ysraýylyň aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwiriň wiza bilen bagly ýüze çykan kynçylyk sebäpli ABŞ-na meýilleşdiren saparyny bes etmäge mejbur bolandygy habar berildi.
Ben-Gwir wiza almakda kynçylyk çekendigi sebäpli ABŞ-na meýilleşdiren saparyny bes etmeli boldy
Ben-Gwir (AP)
 

“Haaretz” gazetiniň habar bermegine görä, Ben-Gwir ysraýylly telekeçi Ýakow Elhararyň gyzynyň toýuna gatnaşmak we diplomatik duşuşyklar geçirmek maksady bilen ABŞ-nyň ilçihanasyna wiza almak üçin ýüz tutdy.

Habarda beýän edilmegine görä Ben-Gwir wiza amallarynyň çäginde ABŞ-nyň ilçihanasyna barmak yzyny bermek üçin çagyrylandan soň ABŞ-na saparyny bes etmek hakynda karara gelipdir.

Ysraýylyň metbugaty Ben-Gwiriň beýleki ministrler ýaly diplomatik wiza almaga hukugynyň bardygyny, emma ABŞ-nyň ilçihanasynyň “adatdan daşary” tertibi güýje girizip, aşa sagçy ministrden barmak yzyny talap edendigini beýan edýär.

Ben-Gwiriň ofisinden berilen beýanatda hem ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasynyň wiza üçin barmak yzyny talap edendigi tassyklandy.

Saparyň maliýeleşdirilişi hem jedelleşige sebäp boldy

 “Haaretz” gazetiniň maglumatyna görä, Ben-Gwiriň ABŞ-na saparynyň çykdajylarynyň ysraýylly telekeçilerden biri tarapyndan tölenjekdigi hem jedelleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Habarda Ysraýylyň Jemgyýetçilik gözegçiligi edarasynyň ýolbaşçylygynda jemlenen toparyň Ben-Gwiriň ABŞ-na saparynyň telekeçi Elharar tarapyndan maliýeleşdirilmegine garşylyk görkezendigi aýdylýar.

Görkezilen garşylykdan soň Ben-Gwir saparyň çykdajylarynyň telekeçi tarapyndan tölenmemegi baradaky ýüz tutmasyny yzyna aldy.

Ysraýylda ministrleriň hususy çeşmeler tarapyndan maliýeleşdirilen daşary ýurt saparlaryna, bähbit çaknyşygyny döretmezlik, döwlet wezipesinden ýerlikli peýdalanmazlyk we ahlak kadalaryna garşy durmazlyk şertleri bilen rugsat berilýär.

Öwren
Russiýa: Germaniýanyň we Britaniýanyň goranmak ministrleriniň “akyllary ýerinde däl"
Indoneziýada süýji öndürilýän desgada bolan ýangynda 3 adam ýogaldy, 36 adam dereksiz ýitdi
Zelenskiý: "Ýaranlar Ukrainanyň howpsuzlygy üçin iň anyk kepilliginiň NATO agzalygydygyny bilýär"
Ukraina: Russiýanyň Kriwoý-Rog şäherine guran hüjüminde 2 raýat öldi, 52 adam ýaralandy
Tramp Si we Putin bilen taryhy sammiti başlamazdan öň hem "ýeňiş" diýip häsýetlendirdi
Kreml: Putin bilen Trampyň duşuşygynda Ukraina krizisi we ikitaraplaýyn gatnaşyklar maslahatlaşyldy
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady
Putin APEC-iň işewür liderlerine ykdysady basyşyň "geçmişde galan zatdygyny" aýtdy
ABŞ Eýranyň Keşm adasyna köp sanly hüjümleri amala aşyrdy
Ukraina ýene-de bir gezek Krym köprüsine hüjüm gurady
Ysraýylly gelmişekler Erihanyň golaýynda palestinli 1 zenany öldürdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Si we Putin bilen geçirjek duşuşyklaryndan öň Aziýa sapar gurar
Halkara Pul gaznasy bilen Ukraina 1,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşar
Ýewropanyň bäş ýurdy migrantlary Ruanda ibermek üçin merkezleri açar
Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda ABŞ-na degişli harby drony ele geçirdi
Ormuz bogazynda ýene-de bir taner mina kakdy
ABŞ-da Ak Tamyň golaýynda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "ABŞ-nyň Bahreýndäki irki duýduryş radarlary nyşana alnyp, ýok edildi"
Pakistanda mikroawtobusyň derýa gaçmagy netijesinde 11 adam ýogaldy