Sudan RSF-den ar alar
Çalt goldaw güýji RSF 26-nji oktýabrda Sudanyň Faşir şäherini ele geçirip asuda ilaty öldürmäge başlady
Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiniň lideri Abdel Fattah al Burhan, Çalt goldaw güýçleri RSF tarapyndan asuda ilata garşy guralýan hüjümlerere degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýtdy.
Burhan çarşenbe güni serkerdeler bilen geçiren duşuşygynda “RSF tarapyndan Faşir, Juneýna we Jezire ýaly beýleki şäherlerde öldürlenleriň we zuluma sezebar bolanlaryň aryny alarys”diýdi
Geňeş tarapyndan berlen beýannama görä Burhan “Zalym güýçler tarapyndan Sudana garşy alnyp barylýan kampaniýa ýeňilişe sezewar bolar we Sudanyň halky ýeňiş gazanar” diýdi.
Şol bir wagtda harby goşunyň serkerdesi bolan Burhan, “Harby goşun Sudan döwletiniň serhetlerinde howpsuzlygyň üpjün edilmeginde egilşik etmez” diýip belledi.
Burhan “Zalym güýçlere garşy ýakynda ýeňiş gazanarys we olary ýok ederis” diýdi.
RSF 26-njy oktýabrda Demirgazyk Darfur sebitiniň paýtagty we sebitde strategiýa taýdan uly rol oýnaýan Faşiri ele geçirdi we asuda ilata garşy hüjüm guraýar.
BMG-nyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda taýarlan habarnamasyna görä, Juneýna sebitinde RSF we ýarany başbozarlar tarapyndan guralan hüjümlerde 10-15 müň adam ýogaldy.
RSF häzirki wagtda Sudanyň 18 sebitinden Günbatardaky Darfurda 5 sebite dolulygyna gözegçilik edýär.
Darfuryň demirgazygynda käbir sebitlere bolsa harby goşun gözegçilik edýär
Sudanyň harby goşuny bolsa paýtagt Hartum bilen birlikde, günortada, demirgazykda we gündogarda 13 sebitiň esasy bölegine gözegçilik edýär.
2023-nji ýylyň 15-nji aprelinden bäri Sudanyň harby goşuny bilen RSF-niň arasyndaky söweş edilýän tagallalara garamazdan dowam edýär.
Çaknyşyklar sebäpli müňlerçe adam ýogaldy, millionlarça adam öýüni terk etdi.