Ukrainanyň goşuny we ýerli ýolbaşçylar ýekşenbe güni Russiýanyň onlarça uçarmansyz howa ulagy, ballistik we kruiz raketalaryny ulanyp, hususan-da energiýa infrastrukturasyny nyşana alandygyny habar berdiler.
Gijeki hüjümleriň Kiýewe we onuň töweregindäki etraplara, Gara deňziň Odessa port şäherine we Ukrainanyň merkezi sebitine guralandygy habar berildi. Kiýew sebitinde azyndan bir adam ýaralandy, bäş etrapda zyýanyň çekilendigi we ondan gowrak ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigi mälim edildi. Sebitiň häkimi Mykola Kalaşnik bu barada Telegram arkaly habar berdi.
Odessanyň gubernatory Oleh Kiper hem Telegramda gije sebitiň energiýa infrastrukturasyna guralan hüjümleriň ýangyna sebäp bolandygyny we soňra ýangynlaryň söndürilendigini aýan etdi.
Russiýa Ukrainanyň energiýa ulgamyna her gün diýen ýaly hüjümler guraýar, ýylylyk elektrik desgalaryny we elektrik podstansiýalaryny nyşana alýar.
Elektrik energiýa önümçilik desgalary, energiýa geçiriji ulgamlar we gaz pudagy Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli urşunyň esasy nyşanlarynyň arasynda. Moskwa bu hüjümleriň Ukrainanyň söweş ukybyny gowşatmagy maksat edinýändigini aýdýar.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha X platformasyndan beren beýanatynda: "Russiýa terrorçylykly häsiýetli köpçülikleýin hüjümler bilen diplomatiýa zeper ýetirmegini dowam etdirýär" diýip belledi.
Sybiha: “Bu terrorçylygy kadalaşdyryp bolmaz; oňa garşy durmaly. Nähili guýruk iti bulap bilmeýän bolsa, Russiýa hem dünýä täsir ýetirip bilmez” diýip, halkara jemgyýetçiligini Kremle garşy berk sanksiýalary girizmäge çagyrdy.
Russiýa Ukrainanyň energiýa ulgamyna her gün diýen ýaly hüjüler guraýar, ýylylyk elektrik desgalaryny we elektrik podstansiýalaryny nyşana alýar.
Lwowda partlama
Ukrainanyň Milli Polisiýa gullugy ýurduň günbataryndaky Lwow şäherinde ýary gije birnäçe partlaýjy enjamyň partlamagy netijesinde bir polisiýa işgäriniň ölendigini we 24 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Polisiýa gullugy Telegramdan beren beýanatynda: "Deslapky derňewleriň netijesine görä wakada elde ýasalan partlaýjy enjamlaryň partlandygyny anyklady" diýip belledi.
Beýanata görä, birinji partlama dükanda ogurlyk synanyşygy barada habar gelip gowuşandan soň, patrul topary wakanyň bolan ýerine geleninden soň bolupdyr; ikinji partlama bolsa şondan gysga wagt soň bolupdyr.
Lwowyň şäher häkimi Andriý Sadowiý bu wakany terrorçylykly hereket hökmünde häsiýetlendirdi.













