Filippiniň günortasynda ýerleşýän Basilan sebitiniň golaýynda 350-den gowrak ýolagçysy bolan paromyň batmagy sebäpli azyndan 15 adam ýogaldy
GMA Nýus Onlaýna görä 43 adam dereksiz ýitdi.
M/W Trisha Kerstin 3 atly parom Suly sebitiniň Žolo adasyna tarap barýardy.
Kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda 316 adamyň halas edilendigi, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.
Basilan adasynyň gubernatory Mužiw Hataman, Facebooktan beren habarnamasynda Mindanaonyň Isabela portunda alynan wideo ýazgylara ýer berdi.
Hataman DZBB radioasyna beren beýannamasynda ýolagçylaryň esasy böleginiň ýagdagynyň gowydygyny mälim etdi.
Ýiten ýolagçylaryň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýdan Hataman, ýolbaşçylaryň ýolagçylaryň sanawyny gözden geçirýändigini nygtady.
7 müň adadan ybarat bolan Filippinde her ýyl köp sanly adam parom heläkçilikleri sebäpli ýogalýar.












