Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ýüzlenip ýazan we halka açyk hatynda iki çäk duşuşygyň geçirilmegi üçin çagyryş etdi.
Penşenbe güni ýazylan hat, 2022-nji ýylda başlan Russiýa-Ukraina söweşinden soň Zelenskiýniň Putine ýazan ilkinji halka açyk haty boldy.
Zelenskiý hatynda rus lideriň 26 ýyllyk häkimiýeti hakynda tankydy belliklere hem ýer berdi.
ABŞ-nyň ünsüniň Eýran söweşine gönügendigini kabul eden Zelenskiý, Trampyň adminstrasiýasynyň ünsüniň Ukraina söweşiniň bes edilmegine gönükmegine garaşmagyň ýalňyş boljakdygy nygtady we Putine duşuşyk geçirmegi teklip edýändigini nygtady.
Zelenskiý hatynda duşuşugyň bitarap üçünji ýurduň ýer eýeçiliginde geçirlip bilinjekdigini belledi.
Ukrainanyň Prezidenti duşuşygyň Şweýsariýada, Türkiýede we Arap döwletlerinde geçirilmegini teklip edýändigini aýtdy.
Zelenskiý hatynda “Esasy meseleleri çözýän liderlerdir. Bu hemişe şeýle boldy we şeýle bolar. Duşuşyk islendik wagtda geçirlip bilner” diýdi.

















