DÜNÝÄ
2 minut okamak
Hamas Ysraýylyň Rafahdaky gabawynyň ylalaşygyň düzgünlerinin aç-açan bozulmagydygyny beýan etdi
Hamas Gyzylhaç guramasynyň gullukçylaryna iki sany ysraýylly esgerin jesedini gowşurdy.
Hamas Ysraýylyň Rafahdaky gabawynyň ylalaşygyň düzgünlerinin aç-açan bozulmagydygyny beýan etdi
Hamas Ysraýylyň Rafahdaky gabawynyň ylalaşygyň düzgünlerinin aç-açan bozulmagydygyny beýan etdi / AA

Hamas Netanýahunyň Rafah gümrük geçelgesini açmazlyk hakyndaky kararyny ylalaşygyň düzgünleriniň “aç-açan bozulmagy” we töwellaçylara berilen kepillikleriň “inkâr edilmegi” hökmünde häsýetlendirdi.

Palestiniň söweşjeň topary Hamas şenbe güni beren beýannamasynda Müsür bilen Gazanyň arasyndaky Rafah gümrük geçelgesiniň açylmazlygyny ýesirleriň gowşurylmagyny bökdejekdigini nygtady.

Beýannamada gümrük geçelgesiniň ýapyk bolmagynyň “harabalyklaryň aşagynda ýitenleri gözlemek üçin gerek bolan enjamlaryn gelmegine ýol bermeýändigini we lukmançylyk kazyýetiniň gullukçylaryny bilen şahsyýeti anyklamak üçin gerek bolan ýörite enjamlaryň geçmegine päsgel berýändigi mälim edildi.

Netanýahunyň ofisi ozalky beýanatynda gümrük geçelgesiniň “nobatdaky bildirişe çenli” açylmajakdygyny we onuň Gazadaky ylalaşyga laýyk gelmeýändigini habar beripdi.

Hamasyň beýanatynda; “Netanýahunyň Rafah gümrük geçelgesinin gaýtadan açylmagynyň yza süýşürilmegi hakyndaky karary, ylalaşygyň aç-açan bozulmagy we töwellaçylar bilen hemaýatkär taraplara beren kepillikleriniň inkär edilmegidir” diýilýär.

Hamas Netanýahunyň “ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmegini bökdemek we borçlaryny berjaý etmekden çetde durmak üçin bahana tapýandygyny beýan etdi.

Hamas töwellaçylary we hemaýatkär taraplary Ysraýyla gysyş edip, gümrük geçelgesini dessine açmaga, ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegine we Gazadaky dowam edýän jenaýatlary bes etmäge çagyrdy.

Hamas Halkara Gyzylhaç komitetiniň gullukçylaryna Gazada iki ysraýylly esgeriň jesedini gowşurdy.

Ysraýylyň “Kanal 12” teleýaýlymy bu baradaky habarynda “İki ysraýylly esgeriň jesedi häzirki wagtda Gyzylhajyň gullukçylarynda we olar goşuna tarap gelýärler” diýip, mälim etdi.

Hamas ylalaşygyň çäginde 20 ysraýylly ýesiri boşatdy we ýesirlikde ýoğalan 11 adamyň jesedini gowşurdy. Şolaryň öwezinde 2 müň palestinli tussag boşadyldy.

Ylalaşyk geçen hepde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan hödürlenen meýilnamanyň esasynda Ysraýyl bilen Hamas tarapyndan gazanyldy.

Ylalaşygyň birinji tapgyry ysraýylly ýesirler bilen pelestinli tussaglaryň çalşylmagyny nazarda tutýardy.

 

Öwren
Tramp: Türkiyedäki NATO-nyň sammitine Erdogan üçin gatnaşýaryn
BMG: Ysraýylyň çagalary bilkastlaýyn nyşana almagy Gazada dowam edýän genosidiň bir bölegidir
Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy
Ukraina: Russiýanyň Woronež şäherinde raketa böleklerini öndürýän zawoda hüjüm guradyk
Filippinlerde mekdepde guralan hüjümde üç adam öldi, birnäçe adam ýaralandy
Eýran: Liwan urşuny bes etmek ugrundaky tagallalarda öňegidişlikler edildi
Ysraýylyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada iki adamy öldürdi
Katardaky güýçli partlama onlarça adamyň ýaralanmagyna we dereksiz ýitmegine sebäp boldy
Kair maslahaty başlady
Italiýanyň sekiz şäheri howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli "gyzyl" howp derejesine çykaryldy
Pakistanda guralan bombaly hüjümlerde 7 adam ýogaldy
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde 6 adam ýogaldy
Gresiýada 2025-nji ýylda ilatyň köpeliş derejesi azaldy
Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerinde 18 adam ýogaldy
Russiýa ukrainaly 522 esgeriň jesedini yzyna berdi, 33 esgeriniň jesedini bolsa kabul edip aldy
Ukraina dron hüjümlerinde Moskwany nyşana aldy
Şerif: “Eýran Ormuz bogazyny açar, ABŞ bolsa gabawy bes eder”
Ben-Gwir wiza almakda kynçylyk çekendigi sebäpli ABŞ-na meýilleşdiren saparyny bes etmeli boldy
Russiýa: Kiýew bilen resmi aragatnaşyk kanalymyz ýok
Eýran: Eýrana garşy urşy bes etmegiň deslapky şerti Liwandaky urşuň bes edilmegidir