Gresiýanyň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlaryny öz içine alýan döwürde ýurtda ilatyň köpeliş derejesi azaldy.
2024-nji ýylda 68 müň 467 bäbek dünýä indi, şol san 2025-nji ýylda bolsa 4,2 göterim azaldy. 2025-nji ýylda Gresiýada 65 müň 594 bäbek dünýä indi.
Habarnamada ilatyň sanynyň 2020-nji ýylda 84 müň 764, 2021-nji ýylda bolsa 85 müň 346 adam köpelendigi bellenildi.
Gresiýada soňky gezek 2021-nji ýylda geçirlen ilat sanawyna görä, ilatyň sany 10 million 482 müň 487 adam.
Şol san ilatyň sanynyň 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 ýylda 3,1 göterim azalandygyny görkezýär.
















