Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara, Tel-Awiwiň Golan depelerindäki basyp alyşlygyny dowam etdirýändigi sebäpli ýurdunyň Ysraýyl bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagynyň mümkin däldigini belledi.

By
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl / Reuters

Siriýanyň Prezidenti Şara, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Abraham şertnamasynyň janlandyrylmagy üçin tagalla edýändigini aýtdy.

Prezident Şara Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin gönüden gepleşigiň geçirilmegi bolsa ret etdi.

Şara duşenbe güni beren beýannamasynda Ysraýylyň Siriýanyň Golan depelerindäki basyp alyşygyny dowam etdirýändigine ünsi çekdi we Damaskyň şertleriniň şertnama gol goýan beýleki ýurtlardan tapawutly bolandygyny mälim etdi.

Ysraýyl bolsa 2024-nji ýylda Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Golandaky basyp alyşlygynyň göwrümini giňeltdi.

Siriýanyň Prezidenti Şara Foks Nýus kanalyna beren beýannamasynda “Siriýanyň ýagdaýy Abraham şertnamalaryna gol goýan beýleki ýurtlardan taşawutly. Siriýa Ysraýyl bilen serhetdeş we Ysraýyl 1967-nji ýyldan bäri Golan depelerindäki basyp alyşlygyny dowam etdirýär. Ysraýyl bilen häzirki şertlerde gepleşikleriň geçirilmegi mümkin däl. Amerikan hökümeti we Prezident Tramp gepleşikleriň geçirilmegine itergi berip biler”diýdi.

Abraham şertnamalary Trampyň prezidentiliginiň birinji döwründe Ysraýyl bilen käbir musulman ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy maksady bilen ABŞ-nyň goldaw bermeginde baglaşylan şertnama.

Tramp Siriýa bilen birlikde Saud Arabystanynyň hem gatnaşyklaryň kadalaşmagyna goldaw bermegine garaşýandygyny mälim edipdi.