SYÝASAT
1 minut okamak
Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi
Liwan ady agzalýan kararyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň Eýran tarapyndan bozulandygy sebäpli kabul edilendigini mälim etdi.
Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi
Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi / AP
Duş 13 Ýek

Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Liwanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Eýranyň ilçisi Mohammad Reza Şibaniniň 29-njy marta çenli ýurdy terk etmelidigi nygtaldy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Liwanyň Eýrandaky ilçisi Ahmad Şeidanyň hem yzyna çagyrlandygy bellenildi.

Beýannamada Tähraniň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary we kadalary bozandygy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

Liwanyň hökümeti 5-nji martda ýurtda iş alyp barýan Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň agzalarynyň yzarlanmagy we tussag edilmegi barada görkezme beripdi.

Prezident Awn geçen ýyl Eýrana Liwanyň içinde haýsydyr bir toparyň ýarag götermegine rugsat berilmejekdigini aýdypdy.

Ysraýyl 2-nji martdan bäri Liwana howa hüjümlerini guraýar we Liwanyň günortasynda gury ýer hüjümlerine başlady.

Liwanly resmiler Ysraýylyň hüjümlerinde häzire çenli 1039 adamyň ýogaladygyny we 2 müň 876 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewraldan bäri Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümlerinde häzire çenli 1340 adam ýogaldy.