DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaý Gazada gyssagly ylalaşyk gazanylmagy üçin çagyryş berdi
Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi, Ysraýylyň Gaza şäherini ele geçirmek tagallalaryny berk tankyt etdi.
Hytaý Gazada gyssagly ylalaşyk gazanylmagy üçin çagyryş berdi
21 Sentýabr 2025

Hytaý halkara jemgyýetçiligine Gazada doly ylalaşyk gazanylmagy üçin gyssagly herekete geçilmegi dogrusynda çagyryş berdi we Palestin döwletiniň ykrar edilmegine goldaw berdi.

Hytaýyň Sinhua habarlar gullugynyň şenbe güni beren habaryna görä, Daşary işler ministri Wang Ýi, anna güni beren beýannamasynda, adamzat pajygasynyň öňüni almak üçin Gazada doly ylalaşyk gazanylmagynyň möhümdigini we taraplaryň bu mesele boýunça höweslendirmelidigini belledi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Ýi Pekinde Marokkoly kärdeşi Nasser Bourita bilen bolan duşuşygyndan soň halkara jemgyýetçiligine Palestin krizisiniň çözülmegi üçin gyssagly herekete geçilmegi barasynda çagyryş etdi.

Wang Ýi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine, ynsanperwer kömek guramalaryna we Ysraýyl tarapyndan sarpa goýulýan ýurtlara jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin çagyryş etdi.

Palestiniň BMG-na doly agzalygyna we iki döwetli çözgüde goldaw beren Wang, çözgüde zeper ýetirýän bir taraply hereketlere garşy durulmalydygyny nygtady.

Gazada dowam edýän genosid söweşine we adamzat pajygasyna alada bildiren Wang, Ysraýylyň Gaza şäherini ele geçirmek meýilnamasyny we basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň anneksirlenmegini hem tankyt etdi.

Wang, halkara hukugyna bap gelmeýän bu hereketleriň iki döwetli çözgüde we Ýakyn Gündogaryň durnuklylygyna wehim salýandygyny aýtdy.

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy