DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina we ÝB Trampyň Russiýa garşy soňky sanksiýalaryndan hoşal
ABŞ-nyň täze sanksiýalary Moskwanyň Ukraina urşuny bes etmek üçin parahatçylyk etabyna "çynlakaý ygrarly däldigini" görkezmegi sebäpli Russiýanyň iki iri nebit kompaniýasyny nyşana aldy
Ukraina we ÝB Trampyň Russiýa garşy soňky sanksiýalaryndan hoşal
Donald Tramp
23 Oktýabr 2025

Ukrainanyň ABŞ-daky ilçisi çarşenbe güni Moskwa garşy diňe güýç görkezmegiň täsirli boljakdygyny belläp, Prezident Donald Tramp tarapyndan Russiýa garşy girizilen we ençeme wagt bäri garaşylýan sanksiýasyndan hoşaldyklaryny habar berdi.

Ilçi Olga Stefanişyna beren beýanatynda: "Bu karar, parahatçylygyň diňe güýç arkaly we ähli halkara gurallaryny ulanyp, agressora garşy iň ýokary basyşy ulanmak arkaly Ukrainanyň gazanylyp bilinjekdigi baradaky yzygiderli pozisiýasyna doly laýyk gelýär" diýdi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýen hem ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň çarşenbe güni Russiýanyň iri nebit kompaniýalaryna sanksiýa girizmek kararyndan hoşaldyklaryny beýan etdi.

ABŞ Moskwanyň Ukrainadaky urşy bes etmek üçin parahatçylyk etabyna "çynlakaý ygrarly däldigini" belläp,  çarşenbe güni Russiýanyň iň uly iki nebit kompaniýasy Rosneft we Lukoili nyşana alýan täze sanksiýalary girizdi.

Gazna ministrligi beren beýanatynda, bu çäreleriň Russiýanyň energiýa pudagyny nyşana alýandygy we "Kremliň söweş enjamy üçin girdeji gazanmak ukybyny pese gaçyrmagy" we "gowşak ykdysadyýetini nyşana almagy" maksat edinilendigi aýdylýar.

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "dowamly basyş" bilen ýaraşyk stoluna getirip boljakdygyny aýtdy.

Rutte ABŞ-nyň prezidenti Trump bilen Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagyndan soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda: "Dowamly basyş bilen Putini stoluň başyna mejbur edip, ýaraşygy kabul edip biljekdigimize doly ynanýaryn" diýdi.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy