Netanýahu Trampyň Eýranda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny bökdäp biler
SYÝASAT
1 minut okamak
Netanýahu Trampyň Eýranda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny bökdäp bilerABŞ-nyň merkezi razwetka gullugy, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň, Trampyň adminstrasiýasynyň Eýranda durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny bökdäp biljekdigi barada duýduryş berdi.
Netanýahu Trampyň Eýranda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny bökdäp biler

ABŞ-nyň merkezi razwetka gullugy, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň, Prezident Donald Trampyň Eýranda durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasyny bökdäp biljekdigi barada Trampyň adminstrasiýasyna duýduryş berdi.

“Ze Waşington Post” gazetinde anna güni çap edilen we amerikaly ozalky resmilere esaslanylýan habara görä, Ysraýyl ýaňy ýakynda ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwandaky hüjümlerini dowam etdirmekde ygrarly görünýär.

Amerikaly resmi Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky esgerlerini yzyna çekmegi kabul etmezliginiň ylalaşyk etabyny bökdäp biljekdigini aýtdy.

Amerikaly resmi “Ysraýyl Liwanyň esasy bölegini basyp almaga dowam edýär. Ysraýyl dolulygyna yza çekilmegi kabul etmän halatynda Ysraýylyň harby goşuny bilen Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar dowam eder”diýdi.

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens hem Ysraýyla berk duýduryş berdi.

Wens Trampyň dünýäde Ysraýyl döwletine uly goldaw berýän ýeke-täk liderdigine ünsi çekdi.

Amerikaly resmi Ysraýyl bilen Hizbullahyň anna güni ýerli wagt bilen 16.00-da ylalaşygyň güýje girmegi boýunça ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.

Liwanyň Milli Habarlar gullugyna görä, günüň irki sagatlarynda Ysraýylyň Liwanyň günortasyna we gündogaryna guran hüjümlerinde azyndan 47 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň 2-nji martdan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde 3 müň 912 adam ýogaldy, 11 müň 873 adam hem ýaralandy. 1 milliondan gowrak adam hem hüjümler sebäpli ýaşaýan ýerini terk etdi.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan ilçileriň ynanç hatyny kabul etdi
Tramp bilen Zelenskiý G-7-niň sammitiniň çäginde duşuşdy
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Hakan Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Azerbaýjany Milli Azatlyk güni bilen gutlady
Daşary işler ministri Fidan Russiýada saparda bolar
Tramp taryhy ylalaşykdan soň Ormuz bogazynyň açyljakdygyny aýtdy
Türkiýe ABŞ-Eýran ylalaşygyna kanagatlanma bildirdi
Pakistan: ABŞ bilen Eýranyň arasynda 24 sagadyň dowamynda ylalaşyk gazanylmagyna garaşýarys
Putin: Ukrainanyň hüjümleri ykdysadyýete uly zeper ýetirýär emma Russiýa hötdesinden gelýär
ABŞ Eýrana degişli dronlary hatardan çykarandygyny mälim etdi
NATO-nyň Ankarada geçiriljek liderler sammiti üçin berk howpsuzlyk çäreleri görler
Kanadanyň Premýer-ministri: Türkiýe NATO-nyň esasy ýaranlaryndan biri
Hakan Fidan Bolgariýanyň Premýer-ministri Radew tarapyndan kabul edildi
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn Kairde saparda bolýar
ABŞ Ormuz bogazynda Eýrana degişli iki drony hatardan çykardy
Prezident Erdogan Nol galyndy forumynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşar
Emine Erdogan: Nol galyndy forumyny taryhy duşuşyk hökmünde kabul edýäris