DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Moskwadaky Putin-Şara duşuşygyndan soň Asadyň yzyna berilmegi meselesinde dymýar….
Kremliň metbugat sekretary, Russiýanyň Siriýadaky harby bazalary meselesiniň gün tertibine getirlendigini nygtady emma giňişleýin maglumat bermedi.
Russiýa Moskwadaky Putin-Şara duşuşygyndan soň Asadyň yzyna berilmegi meselesinde dymýar….
Russiýa Moskwadaky Putin-Şara duşuşygyndan soň Asadyň yzyna berilmegi meselesinde dymýar…. / AP
17 Oktýabr 2025

Russiýa, Prezident Wladimir Putin bilen Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şaranyň arasynda Moskwada geçirlen duşuşykda Başar Asadyň yzyna berilmegi meselesiniň gün tertibine getirlip getirilmändigi barada maglumat bermegi ret etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow, penşenbe güni metbugata beren beýannamasynda, Putin-Şara duşuşygynda Asadyň Siriýa yzyna berilmegi meselesiniň gün tertibine getirlip getirilmändigi hakyndaky soraga jogap bermekden gaça durdy.

Şara, Putine, Siriýanyň Russiýa bilen taryhy we strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny we Moskwa bilen Damaskyň arasynda ozal baglaşylan şertnamalara sarpa goýjakdyklaryny aýdypdy.

Siriýanyň Prezidenti Şara 2024-nji ýylyň dekabr aýynda wezipesine girişmeginden soň Russiýa ilkinji resmi saparyny gurady.

Moskwa bilen Damaskyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ünsi çeken Putin, geçen aý Siriýada geçirlen parlament saýlawlarynyň ýurduň jebisligi taýdan diýseň möhümdigini aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow, Putiniň Siriýa sapar guramagy meselesiniň duşuşykda gün tertibine getirilmändigini belledi.

Peskow, Siriýanyň Ortaýer deňiziniň kenarynda ýerleşýän Tartus şäherindäki deňiz we Hmeýmimdäki howa bazasynyň başda durmagynda Russiýanyň harby bazalarynyň gelejegi meselesiniň gün tertibine getirlendigini aýtdy emma mesele barada giňişleýin maglumat bermedi.

 

 

 

Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy