DÜNÝÄ
2 minut okamak
Federal Kansler Mers: Germaniýa Türkiyäniň ÝB-de bolmagyny isleýär
Fridrih Mers Türkiyäniň “Eurofighter Typhoon” uçaryny satyn almak kararyna kanagatlanma bildirdi we Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana Gazada parahatçylygy ýola goýmak üçin edýän tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi
Federal Kansler Mers: Germaniýa Türkiyäniň ÝB-de bolmagyny isleýär
Erdogan we Mers
31 Oktýabr 2025

Germaniýanyň Federal kansleri Fridrih Mers Berliniň Türkiye Respublikasyny Ýewropa Bileleşiginde görmek isleýändigini aýtdy we Türkiyäniň daşary syýasatdaky ornuna ünsleri çekdi.

Mers penşenbe güni beren beýanatynda Prezident Rejep Taýýip Erdogana bu mesele boýunça Ýewropa derejesinde strategik dialog başlatmak isleýändigini we Kopengagen kriteriýalaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan Türkiyäniň Kopengagen kriteriýalary boýunça netijelendiriljek bolan halatynda, Ankaranyň Ýewropa we dünýä bilen gatnaşyklaryny ýola goýýan zatlaryň öz "Ankara kriteriýalarydygyny aýtdy.

Türkiyä Federal kansler derejesinde ilkinji gezek sapar guraýan Mers Ankarada Erdogan bilen geçirlen metbugat ýygnagynda; “Biz bu gepleşikleri geljekde hem dowam etdirmek isleýäris” diýdi.

Dünýäniň "beýleki döwletleriň global syýasaty kemala getirjek täze geosyýasy tapgyryna girýändigini" aýdan Mers, "Bir germaniýaly we ýewropaly hökmünde strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmalydyrys we Türkiye bu prosesden uzaklaşdyrylmaly däl" diýip belledi.

“Türkiye bizi aladalandyrýan ähli daşary syýasat we howpsuzlyk meselelerinde örän möhüm aktýordyr” diýip, aýdan Mers Germaniýanyň howpsuzlyk syýasatynda Türkiye bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigine söz berdi.

Gazada parahatçylyk

Mers, Gazadaky ýagdaýyň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp: "Ýesirleriň boşadylmagy we ok atyşygy bes etmek boýunça öňegidişlik örän oňyn. Ilkinji gezek dowamly parahatçylygyň üpjün edilmegine umyt bar" diýdi.

Mers Erdogana Gazada parahatçylygy üpjün etmekdäki roly üçin minnetdarlyk bildirip: "Bu proses Türkiye, Katar, Müsür we ABŞ bolmasa mümkin bolmazdy. Munuň amala aşmagy üçin sag boluň" diýip nygtady.

Merz Germaniýanyň parahatçylygy saklamak üçin elinden gelenini etjekdigini nygtady we munuň ilkinji gezek nemes ofiserleriniň Ysraýylyň günortasyndaky raýat-harby merkezine ýerleşdirilýändigini belledi.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy