DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina Russiýanyň nebit-himiýa desgalaryna zarba urdy
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Ukrainanyň Russiýanyň Tula sebitinde ýerleşýän Azot himiýa desgasyna hüjüm gurandygyny aýtdy.
Ukraina Russiýanyň nebit-himiýa desgalaryna zarba urdy
Ukraina Russiýanyň nebit-himiýa desgalaryna zarba urdy / Reuters

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Ukrainanyň Russiýanyň Ýaroslawl sebitinde Moskwanyň ýangyç ätiýajy taýdan uly rol oýnaýan nebit desgasyna hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Zelenskiý ýekşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Ukrainanyň Russiýanyň partlaýjy madda önümçiligi taýdan uly ähmiýete eýe bolan Tula sebitindäki Azot himiýa desgasyna hüjüm gurandygyny aýtdy.

Zelenskiý Russiýanyň gözegçiligi astyndaky sebitlerde harby logistiki merkezleri hem nyşana alandyklaryny öňe sürdi.

Ukrainanyň Russiýa söweşiň bes edilmegi üçin teklip hödürländigini emma Moskwanyň teklibe hüjümleriniň göwrümini giňeltmek bilen jogap berendigini aýdan Zelenskiý “ Urşuň başlan ýerine dolanyp barmagy adaty ýagdaý” diýdi.

Prezident Zelenskiý, Russiýany soňky bir hepde-de Ukraina garşy 1920 dron hüjümini we dürli görnüşli 17 raketa hüjümini guramakda günäkärledi.

Russiýaly resmiler bolsa Ukrainanyň guran dron hüjüminde Ýaroslawl sebitide ýangyç ammarlarynyň nyşana alynandygyny mälim etdi.