DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň Gazadaky Nasyr Lukmançylyk kompleksine guran hüjüminde azyndan 4 žurnalist ýogaldy
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan urşundan bäri Gazada azyndan 244 žurnalist we metbugat işgäri ýogaldy.
Ysraýylyň Gazadaky Nasyr Lukmançylyk kompleksine guran hüjüminde azyndan 4 žurnalist ýogaldy
25 Awgust 2025

Ysraýylyň Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherindäki Nasyr Lukmançylyk kompleksine guran hüjümlerinde aralarynda fotožurnalist Muaz Abu Taha we Merýem Abu Dakka, Palestina TW operatory Hüsam al-Mysri bilen Aljaziranyň habarçysy Muhammed Selame hem bolan 4 žurnalist ýogaldy.

Soňky hüjümler söweşiň Gazada metbugata ýetiren adatdan daşary zyýanyny görkezdi we ol žurnalistler üçin dünýäde iň ganly ýeri boldy.

Geçen hepdäniň ahyrynda Palestinaly žurnalistler kärdeşler arkalaşygy, Palestina TW operatory Halid Al-Madhunyň ynsanperwer kömek gözleýän asuda ilatyň wideosyny çeken Gazanyň demirgazygyndaky Zikim sebitinde Ysraýylyň guran hüjüminiň netijesinde ýogalandygyny habar berdi.

Bu soňky ölümler 10-njy awgustda Gaza zolagynda guralan we Aljaziranyň 6 işgäriniň ýogalan hüjümlerden soň hasaba alyndy. Ysraýylyň resmileri birnäçe wagt soň ýogalanlaryň biriniň hiç hili subutnama görkezmeden Hamasyň serkerdesidigini öňe sürdi.

TRT World tarapyndan toplanan maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyl tarapyndan başladylan söweşden soň Gazada azyndan 244 žurnalist we metbugat işgäri Ysraýylyň hüjümlerinde ýogaldy.

500-den gowrak žurnalist we metbugat işgäri ýaralandy, göçürildi ýa-da sürgün edildi.

Öwren
ABŞ-nyň harby uçary Yragyň günbatarynda ýere gaçdy
Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy
Eýran mekdebe guralan hüjümi bagyşlap bolmajak harby jenaýaty hökmünde häsýetlendirdi
Russiýa Brýansk hüjüminden soň Ukrainany we Britaniýany "terrorçylykly hüjüm" guramak bilen aýyplady
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi
Ysraýyl söweşiň başyndan bäri 3 müň 400 nyşana 6 müňden gowrak howa hüjümini gurady
Kreml: Russiýa-Ukraina-ABŞ gepleşikleri Stambulda geçirlip biler
Ysraýylyň Liwana guran howa hüjümlerinde azyndan 16 adam ýogaldy
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjüminde 8 aýlyk bäbejik bilen birlikde 193 çaga ýogaldy
ABŞ-nyň Eýran söweşinde 11 sany MQ-9 Reaper drony hatardan çykdy
Belgiýadaky sinagogalaryň birinde partlama boldy
Eýran Hameneýiniň ogly Mojtabany täze dini lider wezipesine belledi
ABŞ Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň işgärleriniň ýurtdan çykmagyny isledi
Ysraýyl Eýran bilen azyndan 1 aý dowam etjek söweşe taýarlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň täze Beýik ruhy lideri Mojtaba Hameneýi kim?
Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Eýran amerikan esgerlerini ele salandygyny öňe sürýär; ABŞ bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär
Netanyahu Eýrana garşy “ähli güýçleri bilen” urşy dowam etdirjekdiklerini aýtdy
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy