ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iki ýurduň arasyndaky urşuň bes edilmegi üçin Eýran bilen ylalaşyk boýunça "köp ugur boýunça gepleşikleriň geçirilendigini we onuň tamamlanmagyna baglydygyny" beýan etdi.
Tramp sosial media hasabynda beren beýanatynda taryhy ylalaşyga ABŞ-nyň, Eýranyň we beýleki dürli ýurtlaryň hem goşulandygyny aýtdy.
Tramp: "ABŞ, Eýran Yslam Respublikasy we beýleki dürli ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça umumy gepleşikler geçirildi; indi tamamlanmagyna bagly" diýdi.
Tramp ylalaşygyň soňky elementleriniň we jikme-jiklikleriniň henizem ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we gysga wagtyň içinde aýan ediljekdigini belläp: "Ylalaşygyň beýleki köp elementlerine goşmaça ýagdaýda, Ormuz bogazy hem açylar" diýip beýan etdi.
Sebitleýin ylalaşyk tagallalary
ABŞ-nyň prezidenti telefon arkaly söhbetdeşliginde birnäçe sebitleýin lider bilen mümkin bolan ylalaşygy ara alyp maslahatlaşandygyny we söhbetdeşligi "örän gowy söhbetdeşlik" hökmünde häsýetlendirendigini aýtdy.
Trampyň sözlerine görä, diplomatik gepleşiklere Türkiyeden, Saud Arabystanyndan, Katardan, Pakistandan, Müsürden, Iordaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Bahreýnden ýokary derejeli resmiler we liderler gatnaşdylar.
















