DÜNÝÄ
2 minut okamak
Seul, Demirgazyk Koreýanyň şu ýyl Russiýa goşmaça 3000 esger iberendigini öňe sürýär
Moskwa hem-de Phenýan esgerleriň ýerleşdirilmegini resmi taýdan tassyklamadylar, ýöne iki ýurt geçen ýyl giň gerimli harby şertnama baglaşypdylar
Seul, Demirgazyk Koreýanyň şu ýyl Russiýa goşmaça 3000 esger iberendigini öňe sürýär
/ AP

Günorta Koreýanyň goşuny Demirgazyk Koreýanyň şu ýyl Russiýa goşmaça ýene-de 3000 esger ugradandygyny we Moskwanyň Kiýewe garşy urşuna goldaw brmek maskady bilen raketa, artilleriýa we ok-däri üpjünçiligini dowam etdirýändigini öňe sürdi.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby penşenbe güni beren beýanatynda: “Ýanwar we fewral aýlary aralygynda goşmaça 3000 esgeriň iberilendigi çaklanylýar” diýip belledi.

Beýanatda Russiýa ilkinji tapgyrda Russiýa iberilen 11000 demirgazyk koreýaly esgeriň 4000 ölendigi ýa-da ýaralanandygy öňe sürüldi. Beýanatda: “Demirgazyk Koreýa esger bilen birlikde raketa, artilleriýa we ok-däri bilen üpjün etmäge dowam edýär” diýip habar berildi.

Habarnama görä Demirgazyk Koreýa häzirki wagta çenli Russiýa uly mukdarda gysga aralykly ballistik raketa, takmynan 220 sany 170 mm öz-özüni hereketlendirýän gaubisa we 240 mm köp nilli raketa ulgamy ugradyldy.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby: “Söweş meýdanyndaky ýagdaýa baglylykda bu görkezijiler artyp biler” diýip mälim edildi.

Hüjüm Dronlary

Russiýa we Demirgazyk Koreýa Moskwanyň 2022-nji ýylda Ukraina hüjüme başlamagyndan bäri adaty ýaranlyk gatnaşyklaryny has hem güýçlendirdiler. Seul Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň Moskwa müňlerçe esger we ýarag konteýnerlerini ugradandygyny öňe sürýär.  

Moskwa we Phenýan hem esger iberilendigini resmi taýdan tassyklamadylar, emma geçen ýyl Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Demirgazyk Koreýa guran saparynda, iki ýurt giň gerimli harby şertnama, şol sanda özara goranyş ylalaşygyna gol çekipdiler.  

Demirgazyk Koreýanyň döwlet metbugaty penşenbe güni Kim Çen Ynyň emeli intellekt tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze kamikaze we gözegçilik dronlarynyň synagyna gözegçilik edendigini habar berdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys
Alžir Nigere esger ugradar
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Tramp uruşdan soň ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen söwda etmäge taýýardygyny aýan etdi
Russiýa: Ukrainada deňiz menzilini we ýük gämisini nyşana aldyk