BMG: Ysraýyl palestinalylary “ýok etmek” üçin Gazada genosid amala aşyrýar
Habarnamada, Ysraýylyň prezidenti Isaak Gersogyň, genosid jenaýatçysy Netanýahunyň we ýurduň ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallantyň genosidi öjükdirendigi we resmileriň bu öjükdirmeleri jezalandyryp bilmändigi anyklandy.
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) derňewçileri sişenbe güni Ysraýyly Gazada "genosid" etmekde we ol ýerdäki palestinalylary "ýok etmekde" aýyplady. Şeýle hem, Netanýahuny we beýleki ýokary wezipeli adamlary öjükdirmekde aýypladylar.
BMG Garaşsyz halkara derňew komissiýasy (COI), "Gazada genosidiň bolup geçendigini we dowam edýändigini" anyklady. Komissiýanyň başlygy Nawi Pilleý AFP habar gullugyna "Bu ýagdaýyň jogapkärçiligi Ysraýyl döwletine degişlidir" diýdi.
Gabaw astyndaky Palestina sebitindäki saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, urşuň başyndan bäri Gazada takmynan 65000 adam öldi. Gazadaky palestinalylaryň aglaba köplügi azyndan bir gezek başga ýere göçürildi we Ysraýylyň Gaza şäherini basyp almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýändigi sebäpli köpçülikleýin göçürilmegine garaşylýar. BMG sebitde sözüň doly manysynda açlyk yglan etdi.
BMG Garaşsyz halkara derňew komissiýasy Ysraýyl resmileriniň we güýçleriniň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri 1948-nji ýyldaky genosid konwensiýasynda sanalan bäş genosid hereketiniň dördüsini edendigini mälim etdi. Bularyň arasynda "toparyň agzalaryny öldürmek, toparyň agzalaryna agyr beden ýa-da akyl taýdan zyýan ýetirmek, toparyň fiziki ýa-da bölekleýin ýok edilmegine sebäp bolup biljek durmuş şertlerini döretmek we toparyň içinde dogluşyň öňüni almak üçin çäreler görmek" bar.