DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl iki ýyl soň ilkinji gezek palestinlileriň Rafah geçelgesi arkaly Gaza girmegine rugsat berer
Ysraýyl bilen Müsür öýlerini terk eden palestinlileriň yzyna dolanmagy üçin Rafah gümrük geçelgesiniň gaýtadan açylmagy üçin işleşýär.
Ysraýyl iki ýyl soň ilkinji gezek palestinlileriň Rafah geçelgesi arkaly Gaza girmegine rugsat berer
Ysraýyl iki ýyl soň ilkinji gezek palestinlileriň Rafah geçelgesi arkaly Gaza girmegine rugsat berer
11 Oktýabr 2025

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Müsür bilen Ysraýylyň arasynda gözegçilik mehanizminiň döredilmeginden soň Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan soň ilkinji gezek Gazaly palestinlileriň Müsür serhedinde ýerleşýän ýykylan Rafah gümük geçelgesi arkaly yzyna dolanmagyna rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Ysraýylyň harby radiosy “2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan soň ilkinji gezek Gazany terk eden ýaşaýjylaryň yzyna dolanmagyna rugsat berler” diýip habar berdi.

Ysraýylyň harby radiosy, ylalaşygyň çäginde BMG we beýleki halkara guramalar tarapyndan sebite ugradylan günde 600 ynsanperwer kömek konteýneriniň sebite girmegine rugsat beriljekdigine ünsi çekdi.

Ynsanperwer kömek konteýnerleriniň azyk, ýangyç we lukmançylyk enjamlaryny getirmegine garaşylýar.

Ynsanperwer kömek kerwenleriniň Gazanyň günortasyndan demirgazygyna gündogarda Salas al Din ýoly we günbatarda Al Raşid ýoly arkaly iki liniýada arkaýyn hereket etmegine rugsat beriljekdigi nygtaldy.

Ysraýyl ylalaşygyň anna güni sagat 12.00-da güýje girendigini we harby goşunyň Sari liniýa hökmünde bilinýän kesgitlenen zolaga çekilendigini mälim etdi.

Beýleki tarapdan, Palestiniň İçeri işler ministrligi anna güni beren beýannamasynda, Gazadan çekilen Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň boşaldan ýerine öz howpsuzlyk güýçleriniň ornaşdyryljakdygyny habar berdi.

Ministrlik Telegram arkaly beren beýannamasynda “Gazada basyp alyjy goşunyň çekilen ýerlerine howpsuzlyk güýçleri ornaşdyrlar”diýildi.

Ysraýylyň hökümeti, Gazadaky söweşiň bes edilmegi we palestinli toparlar bilen ýesirleriň çalşylmagy baradaky ylalaşygy anna güni sese goýulşyk arkaly tassyklandygyny habar beripdi.

Ysraýylyň harby goşuny 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 67 müň 200 palestinlini öldürdi we sebiti harabalyga öwürdi.

 

 

Öwren
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi