TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Türkiýäniň prezidenti Erdogan Ankaranyň Kabul bilen Yslamabadyň arasyndaky parahatçylyk prosesini ýakyndan yzarlaýandygyny we ýokary derejeli resmileriň Owganystan bilen dowamly parahatçylygy üpjün etmek üçin Pakistana sapar gurajakdygyny habar berdi
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan
9 Noýabr 2025

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiyäniň daşary işler we goranmak ministrleriniň hem-de aňtaw gullugynyň başlygynyň Günorta Aziýada ýaraşygy ýola goýmak barada Owganystan bilen wagtal-wagtal togtadylan gepleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu hepde Pakistana sapar guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan Bakudan gaýdyp gelýärkä uçarda metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Pakistanyň premýer ministri Şahbaz Şerif  bilen geçiren duşuşygynyň üstünde durup geçip, üç taraplaýyn saparyň maksadynyň mümkin bolan iň tiz wagtda Yslamabad bilen Kabulyň arasynda hemişelik ýaraşygyň we parahatçylygyň üpjün edilmeginiň kesgitlemekdigini habar berdi.

Şenbe güni Bakuda geçiren duşuşygynda Erdogan Türkiyäniň Pakistandaky terrorçylykly hüjümleri we Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylyga ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy we Türkiyäniň howandarlygynda geçirilen gepleşikleriň iki ýurduň arasynda dowamly durnuklylygy üpjün etmek üçin netije bermegine umyt bildirdi.

Şeýle hem, ol Türkiyäniň we Pakistanyň dürli ugurlarda, esasan hem söwda, energiýa we goranmak senagatynda hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin tagalla edýändigini aýtdy.