Hytaý güýçli Ragasa tupany sebäpli mekdepleri we kärhanalary ýapmagy buýurdy

Ragasa häzirki wagtda Günorta Hytaý deňziniň üstünden geçýär, ozal Filippiniň käbir ýerlerine zeper ýetirip, bir adamyň heläk bolmagyna sebäp boldy.

Hytaý güýçli Ragasa tupany sebäpli mekdepleri we kärhanalary ýapmagy buýurdy / AP

Hytaýyň günorta sebitine golaýlaşýan aşa güýçli tupan Ragasa sebäpli azyndan 10 şäherde mekdepleriň we kärhanalaryň ýapylmagy üçin buýruk berildi.

Şol buýruk onlarça million adama täsir ýetirer  we Hytaýyň önümçilik merkezleriniň esasy bölegindäki müňlerçe zawodyň işine päsgel berer.

“Ragasanyň 24 sagadyň dowamynda Guangdong welaýatynyň merkezi we günbatar kenarýaka sebitlerine baryp ýetmegine garaşylýar” diýip, welaýatyň adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş gullugy sişenbe güni beýanat berdi.

Beýannamada; “Esasy sebitlerde howpsuzlyk çäreleri dessine görülmeli, adamlaryň janynyň we emläginiň howpsuzlygyny doly üpjün etmek we betbagtçylykda ýitgileri mümkin boldugyça azaltmak üçin çäreler görülmeli” diýilýär.

Ragasa golaýlaşýarka, Guangdong welaýatynda tupanlara garşy iň ýokary derejeli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Gonkongyň howa meterologiýa gullugy, tupanyň tizligi sagatda 230 kilometre barabar.

Şençžen şäheriniň häkimligi 400,000 adamyň ewakuasiýa edilmegini isledi, şäheriň adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edaralary “güýçli ýel, ýagyş, tolkunlar we suw joşguny” boýunça duýduryş berdi.

“Adatdan daşary halas ediş işgärlerinden we adamlaryň durmuş üpjünçiligini ýola goýýanlardan haýyşyňyz bilen köçä çykmaň” diýip, häkimiýetler beýanatlarynda aýtdylar we işleriň hem-de bazarlaryň ýapylmagynyň günortan başlanjakdygyny bellediler.

Çäklendirme çärelerini girizen beýleki esasy şäherleriň arasynda Žuhai, Dongguan we Foşan bar.

Foşan şäheriniň adatdan daşary ýagdaýlar edarasyndan berilen beýannamada; “Güýçli ýel we güýçli ýagyş şäherimize agyr zeper ýetirer, bu bolsa möhüm goranyş ýagdaýyny döredýär” diýilýär.

Ragasa tupany häzirki wagtda Günorta Hytaý deňziniň üstünden geçýär. Mundan ozal Filippiniň käbir ýerlerine zarba urup, bir adamyň ölümegine sebäp boldy.

Hytaýyň döwlet telewideniýesi CCTV-niň habarynda: “Demirgazyk suw ýollarynda, şeýle hem Taýwan bogazynyň günorta tarapynda, Başi kanalynda we Guangdongyň kenarýaka suw giňişliginde gatnaýan gämiler “howpsuzlyga üns bermeli” diýilýär.

Alymlar, adam sebäpli üýtgeýän howanyň dünýäniň gyzmagyna, tupanlaryň has güýçli we ýygy-ýygydan ýüze çykmagyna getirendigini kabul edýärler.