SYÝASAT
1 minut okamak
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar
Prezident R. T. Erdogan Efiopiýanyň Premýer-ministri Abiý Ahmediň myhmany hökmünde Addis Ababada sapar bolar.
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar / AA
Duş 10 Ýek

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň Efiopiýa gurajak sapary hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

Habarlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynyň 16-njy asyra çenli uzap gidýändigi nygtaldy.

Habarlarda saparyň Türkiýäniň Addis Ababada ilçihana açmagynyň 100 ýyllygyna gabat gelýändigi sebäpli diplomatiýa taýdan diýseň möhümdigi bellenildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklara we Ankaranyň sebitdäki diplomatik täsirine üns çekildi.

Premýer-ministr Abiý Ahmediň çakylygyna laýyklykda şu gün guraljak sapar, Prezident Erdoganyň 10 ýyl soň Efiopiýa gurajak ilkinji sapary bolar.

“FANA” teleýaýlymy, saparyň çäginde özara gatnaşyklaryň giňişleýin seljeriljekdigini habar berdi.

Prezident Erdogan hakyndaky makala bolsa “Täze Türkiýäniň binagäri” sözbaşysy bilen halka ýetirildi.

“Addis Standard” teleýaýlymy bolsa saparyň Afrikada başdan geçirilýän dartgynlyklar we Türkiýäniň sebitdäki diplomatik tagallalary bilen arabaglanşyklydygyna ünsi çekdi.

Habarda saparyň çäginde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini öz içine alýan şertnamalar bukjasyna gol çekişilmegine garaşylýandygy nygtaldy.

Habarda Prezident Erdoganyň Addis Ababa guraýan saparynyň söwda we howpsuzlyk ugurlary boýunça edilýän gatnaşyklaryny güýçlendirmegi maksat edinýändigi bellenildi.

 Saparyň Türkiýäniň Gyzyl deňizde we Afrikadaky täsiriniň güýçlenmegine itergi berjekdigi ýatladyldy.