Türk LGP gämisi Ukrainanyň Odesa portunda ýandy
Uçarmansyz howa ulagynyň galyndylarynyň suwuklandyrlan tebigy gaz alyp barýan türk gämisine kakmagy sebäpli başlan ýangyn dowam edýär
Türkiýäniň Ukrainanyň Odesa şäherindäki Başkonsuly Muhittin Çelik, Ukrainanyň İzmail portunda Türkiýäniň baýdagyny göterýan LGP gämisinde başlan ýangynyň dowam edýändigini aýtdy.
Ýangynyň Türk LPG gämisi ORINDA-nyň ýangyjyny boşadýan pursatlarynda başlandygyny aýdan Çelik, gäminiň ekipažynyň ewakuasiýa edilendigini we ýagdaýlarynyň gowudygyny nygtady.
Muhittin Çelik gäminiň partlama howpunyň bolsa dowam edýändigini belledi.
Çelik ýangynyň duşenbe güni ir ertir başlandygyny we waka uçarmansyz howa ulagynyň sebäp bolandygyny aýtdy
Gäminiň ekipažynyň Başkonsulluga telefon edip wakany habar berendigini nygtan Çelik, konsullugyň hünärmenleriniň ýerli ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk saklandygyny we ekipažyň howpsuzlygy üçin degişli çäreleri görendigini aýtdy.
Gäminiň 16 adamlyk ekipažynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy, gämidäki LGP-nyň 2/3 böleginiň heniz boşadylmandygy bellenildi.
Ýangyn söndürijiler gämini sowuk suw bilen sowatmaga çalyşýar. Gäminiň partlama howpunyň dowam edýändigi sebäpli portda berk howpsuzlyk çäreleri görüldi.