DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýigrenç jenaýaty: Toronto kitaphanasynda başatgyçly musulman zenana sebäpsiz ýere hüjüm guraldy
Hüjümçi başatgyjyny suwuklyk bilen ölledi we ýakmaga synanyşdy
00:00
Ýigrenç jenaýaty: Toronto kitaphanasynda başatgyçly musulman zenana sebäpsiz ýere hüjüm guraldy
Kanada / TRT Global
24 Mart 2025

Kanadanyň Toronto şäheriniň golaýyndaky kitaphanalaryň birinde musulman bir zenana hüjüm guran we başatgyjyny ýakmaga synanyşan zenan göz tussaglygyna alyndy.

Durhan sebitiniň Polisiýa gullugy ýekşende güni beren beýanatynda: “Hüjüme sezewar galan zenan kitaphanada sapaklaryny okaýardy we tanamaýan bir zenan onuň ýanyna golaýlaşdy. Zenan hüjümçi hüjüme sezewar galan zenana sögünç sözler aýtmaga we kellesine tapawutly zatlar zyňmaga başlady. Hüjümçi birnäçe wagt soň hüjüme sezewar galan zenanyň başatgyjyny çykarmaga we üstüne suwuklyk dökmäge başlady. Ondan soň bolsa çakmak daş çykaryp ýakmaga synanyşdy” diýdi.

Hüjüme sezewar galan zenan kömek sorap gygyrmagyndan soň kitaphananyň howpsuzlyk gullukçysy çäre gördi. Polisiýa gullugy hüjümçiniň wakanyň bolan ýerinden gaçandygyny, emma birnäçe sagadyň içinde göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Kanadanyň Musulmanlar Milli Geňeşi (NCCM) metbugat beýanatynda bu wakadan “gorkandyklaryny” beýan etdi.

Kanadanyň Musulmanlar Milli Geňeşiniň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Stefen Brown: “Bu görnüşli zorlugyň jemgyýetimizde adaty bir ýagdaýa öwrülmegi gaty gynandyryjydyr. Yslamofobiýa bilen baglanyşykly wakalar soňky ýyllarda örän köpelipdir. Saýlanan ýolbaşçylarymyz bu meseläni bilelikde çözmek üçin çäre görmelidir” diýip belledi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
ABŞ-nyň harby uçary Yragyň günbatarynda ýere gaçdy
Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy
Eýran mekdebe guralan hüjümi bagyşlap bolmajak harby jenaýaty hökmünde häsýetlendirdi
Russiýa Brýansk hüjüminden soň Ukrainany we Britaniýany "terrorçylykly hüjüm" guramak bilen aýyplady
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi
Ysraýyl söweşiň başyndan bäri 3 müň 400 nyşana 6 müňden gowrak howa hüjümini gurady
Kreml: Russiýa-Ukraina-ABŞ gepleşikleri Stambulda geçirlip biler
Ysraýylyň Liwana guran howa hüjümlerinde azyndan 16 adam ýogaldy
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjüminde 8 aýlyk bäbejik bilen birlikde 193 çaga ýogaldy
ABŞ-nyň Eýran söweşinde 11 sany MQ-9 Reaper drony hatardan çykdy
Belgiýadaky sinagogalaryň birinde partlama boldy
Eýran Hameneýiniň ogly Mojtabany täze dini lider wezipesine belledi
ABŞ Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň işgärleriniň ýurtdan çykmagyny isledi
Ysraýyl Eýran bilen azyndan 1 aý dowam etjek söweşe taýarlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň täze Beýik ruhy lideri Mojtaba Hameneýi kim?
Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Eýran amerikan esgerlerini ele salandygyny öňe sürýär; ABŞ bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär
Netanyahu Eýrana garşy “ähli güýçleri bilen” urşy dowam etdirjekdiklerini aýtdy
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy