DÜNÝÄ
1 minut okamak
Somalide terror guramasy Aş Şebaba agza 23 terrorçy öldürildi
Somaliniň howpsuzlyk güýçleri terrorçylaryň Hirşabelle sebitinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigini mälim etdi.
Somalide terror guramasy Aş Şebaba agza 23 terrorçy öldürildi
Somalide terror guramasy Aş Şebaba agza 23 terrorçy öldürildi / Reuters
Duş 15 Ýek

Somaliniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada, Aş Şebaba garşy geçirlen 4 operasiýada gurama agza azyndan 23 terrorçynyň öldürlendigi bellenildi.

Howpsuzlyk güýçleriniň razwetka gullugynyň goldaw bermeginde ýurduň günortasynda ýerleşýän Hirballe sebitiniň Hiiraan we Orta Şabelle etrapçalarynda geçirlendigi nygtaldy.

Beýannamada, hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçylaryň nyşana alynandygy ýatladyldy.

Beýannamada “Bu öňüni alyjy oeprasiýa, Hariji toparynyň Mahas şäherçesiniň golaýynda Wab-weýn we Gowo sebitlerinde hüjüm üçin taýarlyk görýändigi barada gelip gowşan habarlardan soň geçirildi” diýildi.

Hariji, Somaliniň hökümeti tarapyndan Al Kaira bilen arabaglanşykly terror guramasy Aş Şebab üçin ulanylýar.

Aş Şebab 16 ýyldan gowrak wagt bäri Somaliniň hökümetine garşy ýygy-ýygydan hüjüm guraýar. Hüjümlerinde ýygy-ýygydan howpsuzlyk güýçlerini we asuda ilaty nyşana alýar.

Somaliniň harby goşuny geçen ýylyň iýul aýyndan bäri Afrika Bileleşiginiň Somali durnuklylyk güýjüniň we beýleki halkara güýçleriň goldaw bermeginde Aş Şebaba garşy geçirýän operasiýalarynyň depginini güýçlendirdi.

Afrika Bileleşiginiň Somali durnuklylyk güýjüniň iş möhledi BMG-nyň Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan üstümizdäki ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzadyldy.