DÜNÝÄ
2 minut okamak
Zelenskiý ABŞ-Russiýa sammitiniň öň ýanynda Ukrainasyz kabul ediljek kararlar babatynda duýdurdy
15-nji awgustda Alýaskada geçiriljek sammit, Baýden bilen Putiniň 2021-nji ýylda Ženewada geçiren duşuşygyndan bäri häzirki ABŞ we Russiýanyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar.
Zelenskiý ABŞ-Russiýa sammitiniň öň ýanynda Ukrainasyz kabul ediljek kararlar babatynda duýdurdy
9 Awgust 2025

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý şenbe güni beren beýanatynda, Russiýa territoriýa bermekden düýbünden ýüz öwürdi we "Ukrainasyz kararlaryň" parahatçylyk getirmejekdigini aýtdy.

Zelenskiý sosial ulgamdan beren beýanatynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin geljek hepde Alýaskada Ukrainadaky parahatçylygy ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýarlyk görýändigini belläp:Ukrainalylar ýerlerini basyp alyjylara bermez" diýdi.

"Ukrainanyň islegi bolmazdan bize garşy kabul edilen islendik karar parahatçylyga garşy kabul edilen karardyr. Bu hiç hili netije bermez" diýip aýdan Zelenskiý, urşuň özleri bolmadan, Ukraina bolmadan tamamlanmajakdygyny beýan etdi.

Zelenskiý Ukrainanyň "parahatçylygy getirip biljek hakyky kararlara taýýardygyny", ýöne jikme-jiklikler bermezden "abraýly parahatçylyk" bolmalydygyny aýtdy.

Şowsuz gepleşikler

Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli uruş başladanyndan bäri on müňlerçe adam ýogaldy we millionlarça adam ýaşaýan ýerlerinden gaçmaga mejbur boldy.

Şu ýyl Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilen üç tapgyr gepleşik şowsuz boldy we sammitiň parahatçylyga nähili derejede ýakyn boljakdygy entek belli däl.

Putin bilen sammit geçiriljekdigi barada anna güni aýan eden Tramp, taraplaryň ikisinede peýda getirjek görnüşde käbir territorial üýtgeşmeleriň boljakdygyny beýan etdi.

Tramp we Putin soňky gezek 2019-njy ýylda Trampyň ilkinji Prezident möhletinde Ýaponiýada geçirilen G20 sammitinde duşuşyk geçiripdiler. Liderler ýanwar aýyndan bäri birnäçe gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdiler.

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi