DÜNÝÄ
2 minut okamak
Gaza ýaraşyk ylalaşygyna sagat 09:00-da gol çekilmegine garaşylýar
Hamas, takmynan 2000 palestinaly tussaglynyň boşadylmagynyň deregine 20 sany ysraýylly tussaglyny boşadar. Bu ylalaşygyň birinji tapgyry bolar.
Gaza ýaraşyk ylalaşygyna sagat 09:00-da gol çekilmegine garaşylýar
Gaza
9 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Gaza baradaky meýilnamasynyň birinji tapgyry baradaky şertnama penşenbe güni Grinwiç sagady bilen irden 09: 00-da gol çekiler diýlip garaşylýar.

Bir habar çeşmäniň “Roýter” habar gullugyna beren maglumatyna görä, şertnama gol çekilenden soň Gazadaky ýaraşyk şertnamasynyň güýje girmegine garaşylýar.

"The Jerusalem Post" gazetiniň habaryna görä Katar, Müsür, ABŞ we Türkiye kepillendiriji ýurtlar hökmünde Gazadaky parahatçylyk şertnamasyna gol çekdi.

Ysraýyl we Palestinanyň garşylyk topary Hamas, Tel-Awiwiň Gazadaky söweşini bes etmek üçin köpden bäri garaşylýan ýaraşyk şertnamasynyň birinji tapgyrynda ylalaşandyklaryny habar berdiler. Bu uruş 67000-den gowrak palestinalynyň ölmegine we Ýakyn Gündogaryň ýaňadandan şekillenmegine sebäp boldy.

Şeýle-de bolsa, Gazanyň raýat goranmak gullugy Ysraýyl bilen Hamasyň ýaraşyk meýilnamasy barada ylalaşandyklaryny mälim edenlerinden soň hem sebitde birnäçe hüjümiň bolandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň goşuny penşenbe güni beren beýanatynda sebitde ýerleşmegini dowam etdirýändigini we mümkin bolup biljek operatiw özgerişlere taýýardyklaryny beyan etdi.

Ylalaşyk üç esasy meseläni öz içine alar: Ysraýylly tussaglylaryň we palestinaly tussaglylaryň boşadylmagy, Ysraýylyň goşunlarynyň kesgitlenen ýerlerden yza çekilmegi we ençeme ýyllap dowam eden gabawdan we uruşdan soň Gaza gyssagly ynsanperwer kömegiň berilmegi.

Hamasyň içindäki bir habar çeşmäniň AFP habar gullugyna beren habaryna görä, Hamas şertnamanyň birinji tapgyrynyň çäginde 2000-e golaý palestinaly tussagly üçin 20 sany ysraýylly tussaglyny çalşar.

Gepleşiklerden habardar bolan bir çeşme, alyş-çalyş şertnamanyň durmuşa geçirilenden 72 sagadyň dowamynda geçiriljekdigini aýtdy.

Öwren
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar