DÜNÝÄ
1 minut okamak
United Airlines howaýollary kärhanasy tehniki näsazlyk sebäpli togtadan uçuşlary täzeden başladýar
ABŞ-nyň esasy howa menzillerindäki ähli uçuşlar ulgam meselesi sebäpli togtadyldy we howa ýollary kärhanasynyň işgärleri gijikdirmeleriň dowam edip biljekdigini habar berdiler.
United Airlines howaýollary kärhanasy tehniki näsazlyk sebäpli togtadan uçuşlary täzeden başladýar
7 Awgust 2025

United Airlines” howa ýollary kärhanasy tehniki näsazlyk sebäpli Çikago, Denwer, Newark, Hýuston we San-Fransisko bilen birlikde ýurduň möhüm howa menzillerinde amallary togtatdy, ABŞ-daky esasy uçar saparlaryny goý bolsun etdi.

Federal Awiasiýa edarasy başda diňe Çikago barýan ähli uçarlarynyň uçuş nokatlarynda galmaklary barada görkezme bersede, birnäçe wagt soň şol görkezmäniň gerimini giňeldip, ýurt derejesine näsazlygyň başdan geçirilýändigini mälim etdi.

United Airlines” howa ýollary kärhanasy bu meseläniň günortana çenli çözülendigini habar berdi, ýöne gijikdirmeleriň agşama çenli dowam edip biljekdigi barada duýduryş berdi.

United Airlines” beren ýazmaça beýanatynda: "Howpsuzlyk ilkinji nobatda durýar we müşderilerimizi barmaly ýerlerine eltmek üçin işleýäris" diýip belledi.

United Airlines” sosial ulgamdan beren beýanatynda: "Şu gün syýahatdaky näsazlyklar üçin ötünç soraýarys. Toparlarymyz bu meseläni mümkin boldugyça çalt çözmek üçin işleýärler. Sabyr edeniňiz üçin sag boluň" diýip aýan etdi.

Tehniki mesele çözülen hem bolsa, ýolagçylara bolup biläýjek gijikdirmeler barada duýduryş berildi we howa menziline gitmezden ozal uçuş ýagdaýyny barlamaklary barada maslahat berildi.

Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy