Tramp: “ABŞ Ukraina ylalaşygy üçin basyşyny güýçlendirýär” diýdi

Finlýandiýanyň Prezidenti Stabb Trampyň Gazada bolşy ýaly, Ukrainada hem ylalaşyk gazanjakdygyna ynanýandygyny aýdýar.

ABŞ we Finlýandiýa

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşuny bes etmegi bilen bagly ençeme wagt bäri gazanylyp bilinmedik ylalaşyk üçin NATO ýaranlary bilen bilelikde Russiýa garşy basyşyny güýçlendirýändigini habar berdi.

Penşenbe güni Ak Tamda Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stabby myhman alan Tramp žurnalistlere: "Biz basyşy güýçlendirýäris. Ählimiz bilelikde güýçlendirýäris. Hemmämiz güýçlendirýäris. NATO ajaýyp iş edýär" diýdi. Şeýle hem, Tramp: "Biz NATO-a köp ýarag satýarys we bu ýaraglaryň köpüsi Ukraina gidýär öýdýärin. Bu olaryň karary, emma olar ABŞ-dan ýarag satyn alýarlar. Dünýäniň iň gowy ýaraglaryny biz öndürýäris" diýdi.

Tramp Waşingtonyň Helsinki bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi we ýedisiniň ABŞ-da öndüriljek 11 buz döwüjini bilelikde öndürmek baradaky şertnama ünsleri çekdi.

Tramp Stabba ýüzlenip: "Meniň pikirimçe, gaty arzan bahadan gepleşik geçirdik, ýöne gaty gowy iş edersiňiz öýdýärin. Emma edýän zadyňyz buz döwmek işinde bir sapak bermek bolar. Siz bu buz döwüjilerde monopoliýa eden ýaly. Bu hakda oýlananymyzda hiç kim Finlýandiýa ýaly buz döwüjileri öndürmeýär. Ýagny jemi  11 gämimiz bolar" diýdi.

Stabb bu şertnamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýandygyny we ilkinji gäminiň 2028-nji ýylda gowşurylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Stabb Trampyň Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky Gaza şertnamasyndan soň Ukraina barada şertnama baglaşyp biljekdigine ynam bildirdi we žurnalistlere "Meniň pikirimçe bu indiki uly ylalaşyk bolar" diýdi.