SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp: “Beýleki ýurtlaryň synag meýilnamalary sebäpli Goranmak ministrligine ýadro ýaraglarymyzy deň derejede synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdim”
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
30 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaý we Russiýa bilen şol bir derejede ýadro ýaragyny synagdan geçirmek üçin Pentagona görkezme berendigini Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen ýokary derejeli sammite başlamazdan birnäçe minut ozal beýan etdi.

Penşenbe güni edilen bu başlangyç Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Waşingtonyň duýduryşlaryna garamazdan Moskwanyň ýadro uç götermäge ukyply we atom energiýasy bilen işleýän kapitansyz suwasty ulağyny üstünlik bilen synagdan geçirendigini beýan etmeginden soň edildi.

Tramp sosial media arkaly beren habarnamasynda: “Beýleki ýurtlaryň alyp barýan synag meýilnamalary sebäpli Goranmak ministrligine Ýadro ýaraglarymyzy deň derejede synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdim” diýip, ýazdy.

Tramp şeýle hem ABŞ-nyň beýleki ähli ýurtlardan has köp ýadro ýaragyna eýedigini beýan edip, bar bolan ýaraglaryň “doly seljerilip, täzelenmegi” ugrunda alyp barýan tagallalaryna kanagatlanma bildirdi.

Tramp; “Russiýa ikinji orunda, Hytaý bolsa has yzda, üçünji orunda. Emma bäş ýylyň dowamynda biziň yzymyzdan ýeter” diýdi.

Ýadro ýaraglaryny aýyrmak boýunça Halkara kampaniýa dokuz ýurduň ýadro ýaragyna eýedigini beýan edip;  Russiýa, ABŞ, Hytaý, Fransiýa, Biritaniýa, Pakistan, Hindistan, Ysraýyl we Demirgazyk Koreýa döwletlerinden ybaratdygyny habar beripdi.

Tramp geçiriljek synaglaryň görnüşi hakynda maglumat bermedi, emma onuň “gyssagly başlajakdygyny” aýtdy.

“Öňüni almagyň ýoly ýok”

Putin çarşenbe güni ýadro uç götermäge ukyply we ýadro energiýa bilen işleýän kapitansyz suwasty ulagyň üstünlik bilen synagdan geçirilendigini beýan etdi. Ol birnäçe günüň dowamynda geçirilen ikinji synag boldy.

Putin Ukrainada ýaralanan rus esgerleriniň bejergi alýan harby hassahanasynda eden çykyşynda; “Poseidon” atly pilotsyz torpedanyň “togtadylmagynyň mümkin bolmandygyny” öňe sürdi.  

Putin “Poseidonyň” adaty deňizasty gämilerinden has tiz hereket edýändigini, çuňluklarda ýüzmäge ukyplydygyny we dünýäniň islendik materigine gidip biljekdigini aýtdy.

Tramp ýekşenbe güni geçirilen ganatly raketa synagyndan soň Putini tankyt edip, raketa synagyny geçirmegiň ýerine Ukrainadaky urşy bes etmelidigini aýdypdy.

Geçen hepde Budapeştde geçirilmegi meýilleşdirilen Tramp-Putin duşuşygy bes edilipdi.

Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär