Kolumbiýa soňky 10 ýylyň iň uly kokain operasiýasynyň geçirlendigini mälim etdi.
Ýolbaşçylara görä Waşington Bogatanyň neşe söwdasyna garşy alyp barýan göreşiniň ýeterlik däldigine ünsi çekýar.
Neşe söwdasyna garşy göreş sebäpli ABŞ bilen Kolumbiýanyň arasynda dartgynlygyň möwjeýän günlerinde ýurduň esasy portlarynyň birinde 14 tonna kokain ele geçirildi.
Kolumbiýanyň Gorannamk ministrligi X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda ammarda saklanan we her biri 50 kilogramlyk onlarça gips haltasynda kokainiň ele geçirlendigini mälim etdi.
Prezidenti Gustawo Petro, Kolumbiýaynyň polisiniň soňky 10 ýylyň iň uly kokain operasiýasyny geçirendigine ünsi çekdi.
Operasiýasynyň kokainiň strategik çykyş nokady bolan ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Buenawentura portunda geçirlendigini we adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.
Ak Tamyň Petronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete maliýe taýdan sanksiýa goýmak üçin hemle atýan günlerinde dünýäniň iň uly kokain öndürjüsi bolan ýurtda geçirlen bu operasiýa ünsleri özüne çekdi.
Prezidenti Gustawo Petro, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň neşe söwdasyna garşy göreş strategiýasyny berk tankyt etdi we Trampyň Karib deňizindäki gämilere neşe daşaýandygy bahanasy bilen guran bombaly hüjümlerine berk garşylyk görkezdi.
Kolumbiýa kokain önümçiligi meselesinde 7 ýyldan bäri yzly yzyna rekord goýýar.
BMG-nyň 2023-nji ýyldaky görkezijilerine görä Kolumbiýada 253 müň gekdara kokin ekilýär we ýylda 2 müň 600 tonna kokain öndürülýär.














