Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi

Eýranyň prezidentiniň bu beýanaty ýurduň 1979-njy ýyldaky Yslam ynkylabynyň 47 ýyllygy bilen bagly geçirilýän dabaralara gabat geldi.

By
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkýian

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan Tähranyň ABŞ bilen gepleşikleriň ýaňadandan başladandan soň, ýurdunyň ýadro programmasy babatynda "aşa köp talaplara boýun egmejekdigini" aýtdy.

Çarşenbe güni eden çykyşynda Pezeşkiýan Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly "ähli görnüşli barlaglara" taýýardygyny aýdyp, atom bombasyny döretmek islemeýändiklerini nygtady.

Eýran bilen ABŞ geçen ýylyň iýun aýynda Ysraýyl bilen bolan we ABŞ Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm guran uruşdan bäri ilkinji gezek geçen hepde gepleşiklere täzeden başladylar.

Pezeşkiýan: "Eýranymyz agressiýa boýun egmez; ýöne biz sebitde parahatçylygy we asudalygy ornaşdyrmak üçin ähli güýjümiz bilen goňşy ýurtlar bilen gepleşikleri dowam etdirýäris" diýip belledi.

Paýtagt Tähran şäherindäki Azady meýdançasynda 1979-njy ýyldaky Yslam Ynkylabynyň 47 ýyly bilen bagly geçirilen çärede çykyş eden Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan: "Biziň ýurdumyz Eýran olaryň artykmaç talaplaryna boýun egmez" diýdi.

Eýran gepleşikleriň diňe ýadro programmasy bilen çäklenmegini isleýär, ABŞ bolsa Eýranyň ballistik raketa programmasy we sebitdäki käbir toparlary goldamak meselesine hem üns berilmegini talap edýär.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylyk maksatlydygyny öňe sürýär; emma ABŞ we onuň ýarany Ysraýyl Tähranyň ýadro ýaragyny edinmäge çalyşýandygyny öňe sürýärler.

Her ýyl Eýran režiminiň tarapdarlary ABŞ tarapyndan goldanan şanyň agdarylmagyna sebäp bolan 1979-njy ýyldaky ynkylabyny köpçülikleýin çäreler bilen belleýärler.

Çarşenbe güni Azady meýdançasynda howpsuzlyk çäreleriniň öňki ýyllara garanyňda has berk bolandygy hasaba alyndy.

Geçen aý Eýranda tutuş ýurt boýunça protest tolkunlary boldy, olar rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy we ABŞ protestçileri goldamak üçin harby hereketler bilen hemle atdy.