Tramp Hindistanyň premýer-ministri Modi bilen söwda we rus nebitini ara alyp maslahatlaşýar

Iki lider söwda gatnaşyklary barada pikir alyşdylar, ABŞ-nyň prezidenti Hindistanyň premýer-ministriniň Täze-Deliniň Russiýadan nebit satyn almagyny çäklendirjekdigine ynandyrandygyny aýtdy.

Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen söhbetdeş bolandygyny we gepleşikleriniň esasan söwda meselesine gönükdirilendigini aýtdy.

Sişenbe güni Owal ofisinde metbugat işgärlerine beýanat beren Tramp: "Biz köp zatlar hakda gürleşdik, emma esasanam söwda dünýäsi barada söhbetdeş bolduk" diýdi.

Tramp energiýa meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny we Modiniň Hindistanyň Russiýadan nebit satyn almagyny çäklendirjekdigini aýdandygyny habar berdi.

Tramp: “Russiýadan kän nebit satyn almaz. Ol hem bu urşuň meniň ýaly gutarmagyny isleýär” diýdi.

Hindistan we Hytaý, Russiýanyň deniz ýoly arkaly çig nebit eksportyny iň uly satyn alyjy ýurt ýagdaýyndadyr.