Syn we garaýyşlar
TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga geçirimlilik ýok
Aýal-gyzlara garşy zorluk; zenanlaryň ýaşamak hukugy, şahsy howpsuzlyk, fiziki ýa-da pshologik bütewiligi bilen ykdysady we sosial durmuşa goşulyşmak hukuklary ýaly başlangyç hukuklary basgylanýar.
Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga geçirimlilik ýok
Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga geçirimlilik ýok / AA
 

Maşgala we sosial üpjünçilik ministrligi aýal-gyzlara garşy zorlugy zenanlaryň fiziki, jynsy, psihiki ýa-da ykdysady taýdan zyýan çekmegine sebäp bolýan bilkastlaýyn hereket hökmünde kesgitleýär. Şeýle zorluklar öýde, iş ýerinde ýa-da jemgyýetde haýsydyr bir ýerde edilip bilinýär.

Aýal-gyzlara garşy zorluk; zenanlaryň ýaşamak hukugy, şahsy howpsuzlyk, fiziki ýa-da pshologik bütewiligi bilen ykdysady we sosial durmuşa goşulyşmak hukuklary ýaly başlangyç hukuklary basgylanýar.

Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga garşy göreşde milli syýasatyň we strategiýalaryň utgaşdyrylmagy Maşgala we sosial üpjünçilik ministrliginiň Zenanyň hukuk derejesi baş müdürliginiň garamagyndadyr.

Ministrligiň bu ugur boýunça ýörite hyzmat ediş bölümleri bardyr.

Zorlugyň öňüni almak we gözegçilik merkezleri (ZÖAGM)

Zorlugyň öňüni almak we gözegçilik merkezleri, zorlugyň öňüniň alynmagy we gorag çäreleriniň netijeli iş ýüzüne geçirilmegine gözegçilik etmek hem-de goldaw beriji hyzmatlary hödürleýän sosial üpjünçilik guramalarydyr. Şol merkezlerde zorlukdan ejir çekenlere psihososial goldaw, hukuky ýardam, okuw-seminarlary, saglyk we ykdysdy goldaw bilen zenan myhmanhanalaryna ýerleşdirmek ýaly hyzmatlar berilýär. Şol merkezler 81 welaýatda 86 gurama arkaly iş alyp barýar.

Zenan Myhmanhanalary

Zenan myhmanhanalary zorlukdan ejir çekýän aýal-gyzlar bilen çagalarynyň goralmagyny howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýän ýatak jaýly sosial üpjünçilik guramalarydyr. Şol guramalarda ýaşaýyş üpjünçiliginiň ýany bilen aýal-gyzlaryň psiho-sosial meselelerine çözgüt tapylyp, olaryň kadaly durmuşa dolanma tapgyrlaryna goldaw berilýär. Ministrlige degişli 112 zenan myhmanhanasy bar we şol hyzmatdan peýdalanmak isleýänler ZÖAGM arkaly ýüz tutup bilerler.

Sosial üpjünçilik merkeziniň Zorluga garşy göreş boýunça aragatnaşyk nokatlary

Ministrlik etraplarda ZÖAGM-ler bilen utgaşykly hyzmat hödürläp, zorlukdan ejir çekýänlere ýolbeletlik hem-de geňeşdarlyk hyzmatlarynyň berilýändigini, şol çäkde ýurt boýunça 432 nokadyň iş alyp barýandygyny beýan etdi.

Ejir çekýänlere goldaw ulgamlary arkaly aýal-gyzlara zorluga garşy göreşde ýüztutmaga we gyssagly çäre görmäge şert döredilendigi hem beýan edildi.

 Alo 183 Zorluga garşý göreş liniýasy

Zorlukdan ejir çekýänlere 7/24 ýüztutmaga şert döredýän Alo 183 liniýasy bilen gyssagly çäre görmek, ýolbeletlik we geňeşdarlyk hyzmatlary berilýär.

 Zenanlara goldaw boýunça modil tilsimat ulgamy

 Ulgam arkaly smart telefonlara düşürilip bilinýän, diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen mobil tilsimatdyr. Tilsimat arkaly “kömek sora” düwmesine basylmagyndan soň iň ýakyn güýç ulanyjy gullukçylary ejir çekýäniň geolokasiýasyna gysga möhletde barýarlar.

 

Öwren
Malatýada S-70 dikuçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde dört esger şehit boldy
Türkiýe bilen Hytaý 15 milliard dollarlyk maýa goýum şertnamasyna gol çekişdi
Türkiýeden Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Prezident Erdogany nyşana alan beýanatyna reaksiýa
Prezident Erdogan COP31-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dowam etdirýär
Prezident Erdogan: "Medeniýetimiziň özeninde tebigata hormat goýmak bardyr."
Türkiýe bilen Saud Arabystany elektrik taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdi
BMG-niň Baş sekretary COP 31 guramaçylygy üçin Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy
Prezident Erdogan BMG-niň Baş sekretary Guterreşi kabul etdi
COP31-e gatnaşyjylar Atatürki uly hormat bilen hatyralady
Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Wise-prezident Ýylmaz Hytaýyň wise-prezidenti Han Çžen bilen duşuşdy
COP31 sammitine 6 yklymdan 102 lider gatnaşýar
Türkiýe Polşa gynanç bildirdi
Türkiýäniň goranyş we awiasiýa senagatynyň eksporty artdy
“Italiýa bilen özara gatnaşyklarymyzy ösdürmegi maksat edinýäris”
Prezident Erdogan Koreýaly firmalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul etdi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy
Fidan: Sebitleýin meseleleri çözmek ugrundaky jogapkärçilikleri öz üstümize almaga dowam ederis
Prezident Erdogan Kanadanyň Premýer-ministri Karni bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş etdi