DÜNÝÄ
2 minut okamak
BMG Russiýanyň Ukrainanyň Herson sebitinde ynsanperwer kömek kerwenini nyşana alandygyny öňe sürdi
Ukrainada BMG-nyň ynsanperwer kömek kerweniniň hatarynda ýer alýan Bütindünýä saglygy gyraýyş guramasynyň işgärleri hüjüme sezewar boldy.
BMG Russiýanyň Ukrainanyň Herson sebitinde ynsanperwer kömek kerwenini nyşana alandygyny öňe sürdi
BMG Russiýanyň Ukrainanyň Herson sebitinde ynsanperwer kömek kerwenini nyşana alandygyny öňe sürdi
15 Oktýabr 2025

BMG Russiýany sişenbe güni Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Herson sebitinde BMG-na degişli ynsanperwer kömek kerwenine hüjüm guramakda günäkärledi.

BMG-nyň Ukrainadaky ofisi tarapyndan berlen beýannamada, 4 ulaglyk kerweniň Bilozerka etrapçasyna ynsanperwer kömegini alyp barýarka rus hüjümine sezewar bolandygy nygtaldy.

Beýannamada hüjümiň kabul edilmesizdigi bellenildi.

Beýannamada “Hüjüme sezewar bolan BMG-nyň ynsanperwer işlerinden jogapkär gullugynyň we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň işgärleri birnäçe aýdan bäri kömek almadyk halka ynsanperwer kömegini alyp barýardy” diýildi.

Hüjümde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy, emma iki ulaga zeper ýetirlendigi bellenildi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda hüjümi ýazgardy we BMG-na agza ýurtlara hüjümleri ýazgarmaklary we Moskwa garşy basyş etmekleri üçin çagyryş berdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliniň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamsynda, hüjümde kerwendäki 4 ulagyň dolulygyna ýanandygy nygtaldy.

Russiýa tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý hem sişenbe güni irden beren beýannamasynda, ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Harkow şäherine guralan rus howa hüjümlerinde 57 adamyň ýaralanandygyny mälim edipdi.

Prezident Zelenskiý ýaranlaryndan goşmaça howa goranyş ulgamlaryny talap etdi we halkara jemgyýetçiligine Russiýa garşy basyş etmekleri üçin çagyryş etdi.

Ukrainanyň howa güýçleri şu gün irden Telegram arkaly beren habarnamasynda howa goranyş ulgamlarynyň düýn gije Russiýa tarapyndan atylan 96 dronyň 69-ny hatardan çykarandygyny mälim etdi.

Moska bu garaýşa heniz jogap bermedi.

 

 

 

 

Öwren
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi