TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye Owganystan-Pakistan ýaraşyk şertnamasyna kanagatlanma bildirdi
Burhanettin Duran, Türkiyäniň we Kataryň araçylyk etmeginde gazanylan ýaraşygyň sebitdäki parahatçylyk we durnuklylyk üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.
Türkiye Owganystan-Pakistan ýaraşyk şertnamasyna kanagatlanma bildirdi
Burhanettin Duran
 

Türkiyäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran ýekşenbe güni beren beýanatynda, Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky ýaraşyk şertnamasyndan hoşaldyklaryny belledi we Ankaranyň, esasanam iki “dogan ýurt” arasynda ynamy ýola goýmak, dawalary çözmek we dowamly parahatçylygy gazanmak tagallalaryna goldaw berjekdigini aýtdy.

Duran, NSosyal atly türk sosial media platformasyndan beren beýanatynda, Türkiye we Katar tarapyndan araçylyk edilmeginde gazanylan ýaraşygy sebitdäki parahatçylyk we durnuklylyk üçin "örän gymmatly ädim" hökmünde häsiýetlendirdi.

Burhanettin Duran: "Taraplaryň gepleşik we umumy düşünje esasynda birleşip, dartgynlygy hyzmatdaşlyga çalyşmagy sebitdäki parahatçylyga we abadançylyga tarap möhüm ädimdir" diýdi.

Pakistan anna güni agşam Owganystanyň Paktika welaýatynda howa hüjümlerini amala aşyrandan soň serhet dartgynlygy hasam güýçlendi. Kabul şol hüjümlerde köp sanda asuda ilatyň ölendigini habar berdi. Şol günlerde iki tarapyň resmileri Doha şäherinde gepleşikler geçirdiler.

Ýekşenbe güni irden Pakistan we Owganystan tiz wagtda güýje girjek ýaraşyk şertnamasyny kabul edendiklerini tassykladylar.

Öwren
Malatýada S-70 dikuçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde dört esger şehit boldy
Türkiýe bilen Hytaý 15 milliard dollarlyk maýa goýum şertnamasyna gol çekişdi
Türkiýeden Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Prezident Erdogany nyşana alan beýanatyna reaksiýa
Prezident Erdogan COP31-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dowam etdirýär
Prezident Erdogan: "Medeniýetimiziň özeninde tebigata hormat goýmak bardyr."
Türkiýe bilen Saud Arabystany elektrik taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdi
BMG-niň Baş sekretary COP 31 guramaçylygy üçin Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy
Prezident Erdogan BMG-niň Baş sekretary Guterreşi kabul etdi
COP31-e gatnaşyjylar Atatürki uly hormat bilen hatyralady
Prezident Erdogan Apple kompaniýasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Wise-prezident Ýylmaz Hytaýyň wise-prezidenti Han Çžen bilen duşuşdy
COP31 sammitine 6 yklymdan 102 lider gatnaşýar
Türkiýe Polşa gynanç bildirdi
Türkiýäniň goranyş we awiasiýa senagatynyň eksporty artdy
“Italiýa bilen özara gatnaşyklarymyzy ösdürmegi maksat edinýäris”
Prezident Erdogan Koreýaly firmalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul etdi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Türkiýe Iordaniýada buthana guralan hüjümi berk ýazgardy
Fidan: Sebitleýin meseleleri çözmek ugrundaky jogapkärçilikleri öz üstümize almaga dowam ederis
Prezident Erdogan Kanadanyň Premýer-ministri Karni bilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş etdi