Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Aýlag ýurtlaryna guraýan saparyny dowam etdirýär.

By
Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar / Others

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ýekşenbe güni Türkiýäniň Daşary işler ministtri Hakan Fidan bilen birlikde Damaska gitdi.

Ukrainanyň Prezidentiniň Siriýanyň lideri Ahmed al Şara bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Zelenskiý şenbe güni Türkiýä guran saparyndan soň Aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Siriýa gitdi.

Ukrainanyň Prezidentiniň saparynyň çäginde täze howpsuzlyk şertnamasynyň baglaşylmagyna garaşylýar.

Zelenskiý sosial mediadan beren habarnamasynda, Siriýanyň paýtagtyna gelendigini habar berdi we saparynyň çäginde möhüm duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýandygyny belledi.

Ukrainanyň lideri “Iki halk we sebit asuda ýagdaýda ýaşamak isleýär” diýdi.

Sapar hakynda berlen beýannamada, saparyň çäginde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitiň howpsuzlygy meselesiniň seljeriljekdigini mälim etdi.

Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA, Daşary işler ministri Asad al Şaýbaninin howa menzilinde Zelenskiý bilen Fidany garşylandygyny habar berdi.

Russiýanyň guraýan dron we raketa hüjümlerinde sezewar bolýan Ukraina, ABŞ-da öndürlen Patriot howa goranyş ulgamlaryny isleýär, emma Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli ýurduna berilýän harby kömegiň azalmagyna alada bildirýär.

Ukraina şol sebäpli Eýranyň Aýlag ýurtlaryna guraýan hüjümlerinde ulanýan Russiýada öndürlen dronlara garşy gazanan tejribesinden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýar.

Zelensliý geçen hepde Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Katar we Saud Arabystany bilen goranyş şertnamalaryny baglaşdy.

Russiýa Siriýada 14 ýyl dowam eden içerki uruşda häzirki wagtda Moskwada sürgünde bolan ýurduň ozalky lider Başar Asadyň esasy ýarany bolupdy.

Emma Siriýanyň täze lideri Şara, Moskwa bilen deňagramly gatnaşykar alyp barýar.

Ýanwar aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşan Şara, Moskwadan Siriýadaky harby bazalarynyň boşadylmagyny talap etmedi.