Halkara Sumud flodynyň meýletinleri Türkiýä geldi
Gaza ynsanperwer kömek flodyny alyp giden Halkara Sumud flodyna guralan hüjümden soň 36-sy Türkiýäniň raýaty jemi 137 meýletin ýörite uçar bilen Stambula getirildi.
Ysraýyl tarapyndan halkara suw giňişliginde saklanan Halkara Sumud ynsanperwer kömek flodynyň meýletinleri şenbe güni ýörite uçar bilen Stambula getirildi.
Ysraýylyň Eilat şäherindäki Ramon howa menzilinden uçan THÝ-nyň uçary düýn ýerli wagt bilen 15.40-da Stambula gondy.
Halkara Sumud ynsanperwer kömek flodynda ýer alan 36-sy Türkiýäniň raýaty jemi 137 meýletin ýörite uçar bilen Stambula getirildi.
Türk ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, uçarda ABŞ-nyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Alžiriň, Marokkonyň, Italiýanyň, Kuweýdiň, Liwiýanyň, Malatziýanyň, Mawritaniýanyň, Şweýsariýanyň, Tunisiň we Iordanyň raýaty bolan meýletinler bar.