Taýlantda ýaragly hüjüm: Hüjümde jemi 6 adam ýogaldy, hüjümçi öz janyna kast etdi

Hüjümçi 4 howpsuzlyk gullukçysy bilen bir söwdegäri öldüreninden soň, öz janyna kast etdi. Hüjümde jemi 6 adam ýogaldy.

Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherinde ýekşenbe güni guralan köpçülikleýin ýaragly hüjümde bir howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany jemi 6 adama ýetdi.

Thai Enquirer gazeti tarapyndan berlen habara görä, hüjümçi Bangkokyň Çatuçak etrabyndaky Or Tor Kor bazarynda ot açyp, 4 adamy öldürdi we hüjümden soň öz janyna kast etdi.

Hüjümçiniň öldürilen howpsuzlyk gullukçylary bilen şol bir kärhanada işlän 61 ýaşyndaky howpsuzlyk gullukçysydygy habar berildi.

Hüjümden soň hüjümçi bazaryň ortasynda oturyp, öz janyna kast etdi.

Resmiler hüjümçiniň maksadyny anyklamak üçin derňew işini başlatdylar.