ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Londona ikinji resmi saparyny amala aşyrmak bilen birlikde, bu iňlis monarhy tarapyndan iki gezek myhman alnan ilkinji saýlanan syýasy lider boldy.
Tramp we aýaly Melaniýa Tramp Londondaky Stansted howa menzilinde ABŞ-nyň Prezidentine degişli uçardan düşeninden soň amerikaly diplomatlar we Şa III Çarlza wekilçilik eden Şa maşgalasynyň Protokolynyň resmisi Wikont Hud tarapyndan garşylandy.
Uçarda Tramp metbugat işgärlerine "özlerini gowy duýmaklary" barada maslahat berip, sapara sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
Donald Tramp we Melaniýa Tramp ondan soň 1955-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Beýik Britaniýadaky resmi ýaşaýyş ýeri bolan Winfield öýüne bardylar.
Bu sapar, Şa Çarlzyň fewral aýynda Premýer-ministr Keir Starmeriň Waşingtona guran saparynda çakylyk ibermegi sebäpli amala aşyryldy.
Iki gülük sapar Çarlz we Şa zenany Kamilla tarapyndan Windzor köşgünde geçiriljek çäreleri özünde jemlär.
Trump penşenbe güni ABŞ-a gaýdyp barmazdan ozal syýasy we ykdysady gepleşikler üçin premýer-ministr Starmeriň resmi rezidensiýasy Çekuersde duşuşyk geçirer.














