Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň arasyndaky sammit üçin zerur şertleriň entek ýerine ýetirilmändigini aýtdy.
Rýabkow çarşenbe güni Moskwada Döwlet Dumasynyň mejlisinde eden çykyşynda: "Islendik ýokary derejeli duşuşyk düýpli taýýarlyk görmekligi we ähli ugurlary üns bilen gözden geçirmekligi talap edýär. Şu güne çenli bu duşuşygy geçirmek üçin hem birinji, hem-de ikinji şert ýerine ýetirilmedi" diýip belledi.
Rus diplomat taýýarlyk işlerine Russiýanyň we Amerikanyň daşary işler ministrlikleriniň gatnaşýandygyny, ýöne häzirki ileri tutulýan ugruň awgust aýynyň ortalarynda liderleriň ylalaşan çarçuwasyna anyk görnüş bermekdigini belledi.
Rýabkow ýokary derejeli aragatnaşygyň ýokdugyna garamazdan, taraplaryň yzygiderli aragatnaşyk saklaýandygyny we howpsuzlyk meseleleriniň gün tertibiniň iň möhüm ugurlardygyny belledi.
Tramp bilen Putin soňky gezek 15-nji awgustda Alýaskada duşuşyk geçiripdiler we soňra Budapeştde gepleşik geçirmek kararyna gelipdiler. Emma Budapeştde bolmagy meýilleşdirilen sammit geçirilmedi.
Mundan ozal, Kreml duşuşygyň “uly taýýarlygy” talap edýändigini we diňe “duşuşyk geçirmek üçin duşuşyp” bolmajakdygyny aýdypdy.











