DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ Owganystan bilen Kolumbiýany neşe söwdasyna garşy göreşde şowsuz bolan ýurtlaryň sanawyna alar
Sanawda Boliwýa, Mýanma we Wenesuela hem ýer alýar.
ABŞ Owganystan bilen Kolumbiýany neşe söwdasyna garşy göreşde şowsuz bolan ýurtlaryň sanawyna alar

ABŞ-nyň Prezideni Donald Tramp, Owganystanyň, Boliwýanyň, Mýanmanyň, Kolumbiýanyň we Wenesuelanyň soňky 12 aýda halkara neşe söwdasyna garşy göreş boýunça jogapkärçiliklerini doly ýerine ýetirmändikleri sebäpli şol ýurtlary sanawa alandyklaryny mälim etdi.

Bu karar ýokarda ady agzalýan ýurtlara berilýän maliýe kömeklerine ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Prezident Tramp duşenbe güni beren beýannamasynda “Owganystanyň, Boliwýanyň, Mýanmanyň, Kolumbiýanyň we Wenesuelanyň halkara neşe söwdasyna garşy göreş meselesinde baglaşylan şertnamanyň çäginde soňky 12 aýda jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmändigini yglan edýärin” diýdi.

Tramp, “Kolumbiýada Prezident Gustawo Petronyň ýolbaşçylygyndaky hökümet döwründe kokanyň ösdürlip ýetişdirilmegi we kokain önümçiligi diýseň ýokarlady. Neşe söwdasyny edýän terrorçy toparlar bilen ylalaşygyň gazanylmagy üçin edilýän tagallalar krizisi has-da çuňlaşdyrdy” diýdi.

Donald Tramp Kolumbiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň batyrgaýlygy we egilşiksiz göreşleri hakynda bolsa öwgüli sözler aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti “Kolumbiýanyň geçen ýyl neşe söwdasyna garşy göreşde jogapkärçiligini ýerine ýetirmezliginden dolulygyna syýasy lider jogapkär. Kolumbiýanyň hökümeti koka ösümligini ýok etmek we kokain önümçiligini azaltmak üçin tagalla eden halatynda kararymy gözden geçirerin” diýip belledi.

Petronyň jogaby

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro, Kolumbiýada neşe söwdasyna garşy göreş onlarça howpsuzlyk gullukçysynyň, esgeriň we asuda ilatyň ýogalmagyndan soň kabul eden karary ýazgardy.

Prezident Petro, ministrler kabinetiniň mejlisidnen soň beren beýannamasynda “Neşe karellerine we neşe söwdasyna edýän çepçi partizanlara garşy göreşde onlarça esgeriň ýogalandygyna garamazdan ABŞ bizi sanawa alýar” diýdi.

Kolumbiýanyň ABŞ-daky ilçisi Pena, geçen hepde metbugata beren beýannamasynda, Trampyň Kolumbiýany sanawa almagynyň neşe söwdasy bilen arabaglanşykly bolmasada 100 million dollarlyk maliýe kömeginiň kesilmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

ABŞ Kolumbiýany soňky gezek 1997-nji ýylda ýurduň kartelleriniň häkimiýete aralaşan döwründe sanawa alypdy.