Liwanyň resmi “Milli habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyl ýekşenbe güni agşamara Liwan-Siriýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Liwanyň Mejdel Anjar şäherçesinde bir ulagy nyşana aldy.
Uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde azyndan 4 adam ýogaldy. Hüjümde birnäçe adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Habarda golaýdaky obalarda güýçli partlama sesleriniň eşidilendigi bellenildi.
Hüjümler Ysraýylyň 2024-nji ýylda gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýändigini görkezýär.
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlan soňky söweşde Liwanda 5 depäniň gözegçiligini ele geçiripdi.
Ysraýyl uzak ýyllardan bäri Liwanda ele geçiren beýleki sebitlerdäki basyp alyşlygyny hem dowam etdirýär.
Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde häzire çenli 400-den gowrak adam ýogaldy, 17 müň adam hem ýaralandy.












