Filippinleriň merkezinde bolan güýçli ýer titremede ýogalanlaryň sany çarşenbe güni 50-den geçdi. Sebu adasyndaky hassahanalar ýaralanan adamlar bilen doldy.
ABŞ-nyň Geologiýa ylmy merkeziniň habaryna görä, sişenbe güni gije 90000 adamlyk ilaty bolan Bogo şäheriniň demirgazyk böleginde 6,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Sebu welaýatynyň Hassahanasynyň Bogo şäheriniň golaýyndaky ýerinde gök çadyrlarda ýer titremede ýaralanan çagalar we ýetginjekler bejergi almaga dowam edýär. Saglygy goraýyş guramalaryň işgärleri kiçiräk ýer yranmalar sebäpli binadan çykarylan ýaralanan adamlary açyk meýdanda bejergi edýärler.
Raýat goranmak gullugynyň müdiriniň orunbasary Rafaelito Alehandronyň beyan etmegine görä, şu wagta çenli 60 adam ýogaldy. Alehandro Manilada metbugat işgärlerine: "Täze ölümler barada habarlar alýarys, häzirki wagtda ýagdaý çylşyrymly" diýdi.
Bogo hassahanasy 53 adamyň ýogalandygyny we 154 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Ýogalanlaryň 30-y Bogo şäheriniň ýaşaýjylarydy.










